Lukmançylyk nyşanlarynyň taryhy
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli gurlup, ulanylmaga berlen «Bagabat» şypahanasyna barýan ýoluň ugrunda ýerleşen «Saglyk» binasyny «Türkmenistanyň lukmançylygy» nyşany bezeýär. Binanyň ýokarsynda ýerleşdirilen bu nyşan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen döredilendir we ýurdumyzda resmi lukmançylygyň nyşany hökmünde kabul edilendir. Ol türkmen lukmançylyk ylmynyň we tebipçiliginiň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan, ýüz müňlerçe ýyllaryň dowamynda dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelnen üzärligiň, keýigokaranyň, kepjebaş ýylanynyň şekillerini öz içine alýar. Nyşanyň daşky aýlawynda üzärlik ösümliginiň 2 sany ýaşyl baldagynyň şekili ýerleşdirilen, olaryň hersinde 27 sany tohum düwmejikler saklanýar. Aýlawyň içinde sarymtyl ak reňkli 2 okaraly keýigokara hem-de oňa çepden 3 aýlaw bolup oralan kepjebaşyň şekili ýerleşdirilendir. Aýlawyň aşagynda ýarym aýlaw ölçeginde «Türkmenistanyň lukmançylygy» diýen ýazgy bar. Eýsem, häzirki wagtda-da dürli kesellerde ulanmak üçin niýetlenilen derman serişdeleriniň önümçiliginde çig mal bolup hyzmat edýän üzärligiň, keýigokaranyň hem-de zäheri müň derde derman jandaryň şekilleri nämäni aňladýar? Nyşanda