Dost-doganlyk hyzmatdaşlygy ösdürilýär

2 Dekabr 2022
376

Türkmenistan goňşy we beýleki ýurtlar bilen netijeli häsiýete eýe bolan syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Ýurdumyzda köp sanly syýasy, işewürlik duşuşyklarynyň, gepleşikleriň, halkara forumlardyr maslahatlaryň, sergileriň hem-de beýleki möhüm wakalaryň ýokary derejede yzygiderli guralmagy we geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli amala aşyrýan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň netijeleridir.

Şu ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary hem iki ýurduň arasynda köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda örän netijeli boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Birleşen Arap Emirliklerinde hormatly Prezidentimiziň bu döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň BAE-niň gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler bardyr. Döwletimiz bilen giň ykdysady mümkinçilikleri bolan BAE-niň arasynda özara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi iki ýurduň halklary üçin hem uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygynyň barha ösdürilýändiginiň ýene-de bir subutnamasydyr.

«Saglyk».