Hoşniýetli gatnaşyklar — parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly

2 Dekabr 2022
177

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyz yzygiderli şan-şöhratly wakalara beslenýär. Berkarar döwletimizde gazanylýan ykdysady, medeni ösüşler, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli, ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklaryň netijeli giňeldilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny barha belende göterýär. Şu ýylyň noýabr aýynyň ilkinji günlerinde amala aşyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary hem munuň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Bu saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, öňden gelýän dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge giň şertleri döreder.

«Saglyk».