Türkmenistan — BSGG: ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

2 Dekabr 2022
122

Türkmenistan özbaşdak döwlet bolup, Garaşsyzlyga eýe bolaly bäri abraýly halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralýan halkara çärelere işjeň gatnaşyp gelýär. Umumadamzat bähbitli meseleler gozgalýan hem-de olaryň oňyn çözgütleri kabul edilýän halkara çäreleriň köp sanlysy biziň ýurdumyzda geçirilýär.

Şeýle çäreleriň ýene-de biri — «Agyr ýagdaýdaky СОVID-19 ýokançly näsaglara giňişleýin gaýragoýulmasyz kömegiň berlişi» boýunça simulýasiýa okuw maslahaty Halkara okuw-ylmy merkezinde geçirildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň halkara maslahatçylary Ýer yklymynyň ilatynyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolan bu mesele boýunça maslahat beriş-tehniki iş sapary bilen Aşgabada geldiler. Olar ilki bilen Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezinde tanyşlyk saparynda boldular.

«Saglyk».