Bronhitiň bejergisi gijikdirilende...

2 Dekabr 2022
429

Habarçymyz dünýä ýaşaýjylarynyň aglabasynda duş gelýän sowuklama keseli barada gürrüň bermegi S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň pulmonologiýa bölüminiň müdiri Taýly Açylowdan haýyş etdi.

Öýkenlerdäki «dem alyş turbajyklary» diýlip atlandyrylýan bronhlaryň keseli — bronhit iň howply keselleriň hataryna girmeýär. Sebäbi, ýiti alamatlar bilen ilkinji gezek ýüze çykanda lukman tarapyndan doly bejeriş geçirilen halatlarynda bu keselden ymykly gutulmak mümkindir. Ýöne, eger, wagtynda bejeriş geçirilmese ýa-da näsag lukman bilen maslahatlaşman, derman serişdelerini (onda-da antibiotikleri) özbaşdak kabul etse, onda ýiti bronhitiň dowamly görnüşe geçmegi mümkindir. Dowamly bronhit yzygiderli gaýtalanyp duranda bolsa, keseliň ýene bir görnüşi — obstruktiw bronhit döreýär.

«Saglyk».