Miokardit nähili kesel?

2 Dekabr 2022
303

Ýürek myşsasynyň (miokard) gaýnaglamagy bilen häsiýetlendirilýän kesel «miokardit» diýlip atlandyrylýar.

Bu keseliň döremegi köplenç rewmatizm bilen baglanyşykly bolýar. Sebäbi soňky agzalan keselde diňe bir bogunlar däl-de, eýsem, miokard, endokard, perikard (ýüregiň içki we daşky gabyklary), ýürek gabsajyklary (klapan) hem zeperlenýär. Şu jähtden aglaba ýagdaýda endokardit bilen utgaşyp gelýän rewmatiki miokardit (rewmokardit) tapawutlandyrylýar.

Enejan HUDAýGULYÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň kliniki farmakologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň assistenti.