"Saglyk" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-65, 38-61-67
Email: saglyk-zurnaly@online.tm

Makalalar

Dost-doganlyk hyzmatdaşlygy ösdürilýär

Türkmenistan goňşy we beýleki ýurtlar bilen netijeli häsiýete eýe bolan syýasy-ykdysady, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. Ýurdumyzda köp sanly syýasy, işewürlik duşuşyklarynyň, gepleşikleriň, halkara forumlardyr maslahatlaryň, sergileriň hem-de beýleki möhüm wakalaryň ýokary derejede yzygiderli guralmagy we geçirilmegi döwlet Baştutanymyzyň üstünlikli amala aşyrýan «Açyk gapylar» we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň aýdyň netijeleridir. Şu ýylyň 21-22-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyran resmi sapary hem iki ýurduň arasynda köp ugurly hyzmatdaşlygy ösdürmek babatynda örän netijeli boldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we BAE-niň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalaryň ençemesine gol çekildi. Birleşen Arap Emirliklerinde hormatly Prezidentimiziň bu döwletiň ýokary derejeli ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirildi. Döwlet Baştutanymyz «Türkmenistan — BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanyň BAE-niň gatnaşyklaryny täze derejä çykarmak üçin ähli mümkinçilikler b

Hoşniýetli gatnaşyklar — parahatçylykly ösüşiň aýdyň ýoly

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyz yzygiderli şan-şöhratly wakalara beslenýär. Berkarar döwletimizde gazanylýan ykdysady, medeni ösüşler, dünýä ýurtlary bilen hoşniýetli, ikitaraplaýyn oňyn gatnaşyklaryň netijeli giňeldilmegi Türkmenistanyň halkara abraýyny barha belende göterýär. Şu ýylyň noýabr aýynyň ilkinji günlerinde amala aşyrylan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary hem munuň aýdyň beýanyna öwrüldi. Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenkonyň çakylygy boýunça amala aşyrylan saparyň maksatnamasynyň çäklerinde Moskwada ikitaraplaýyn duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi. Bu saparyň dowamynda geçirilen duşuşyklar parlamentara hyzmatdaşlygy, umuman, öňden gelýän dostlukly türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge giň şertleri döreder.

Bitaraplyk – parahatçylygyň kepili

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda agzybir türkmen halky Halkara Bitaraplyk gününi – ýurdumyzyň baky Bitaraplygynyň 27 ýyllygyny uly ruhubelentlikde belläp geçýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda giňden bellenilýän Halkara Bitaraplyk gününiň toý dabaralary ösüşleriň aýdyň ýoly bilen barha öňe barýan Garaşsyz döwletimizde şatlyk-şowhuna beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe paýtagtymyz Aşgabatda we welaýatlarymyzyň obadyr şäherlerinde, şäherçelerinde giňden bellenilýän toý dabaralary baýramçylyk şowhuny bilen mähriban halkymyzyň göwünlerini galkyndyryp, ýüreklerini buýsanç duýgusyna besleýär.

Türkmenistanyň lukmançylyk diplomatiýasy: sagdyn durmuşyň girewi

Türkmenistan döwleti dünýäniň halklarynyň parahatçylykly we ynanyşmak esasynda ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmakda, halkara gatnaşyklarda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň berkarar bolmagynda häzirki wagtda ählumumy wajyp meseleleri çözmekde oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Bu başlangyçlar Gahryman Arkadagymyzyň «Dialog — parahatçylygyň kepilidir!» diýen filosofiki taglymatynyň özenidir. Häzirki wagtda ýurdumyz «Açyk gapylar» syýasatyny alyp barmak bilen ählumumy ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Şeýle hem halkara hukugynyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, öz üstüne alan we halkara borçnamalarynyň birkemsiz ýerine ýetirilmeginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Türkmenistan — BSGG: ýokary derejeli hyzmatdaşlyk

Türkmenistan özbaşdak döwlet bolup, Garaşsyzlyga eýe bolaly bäri abraýly halkara guramalar, şol sanda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bolup, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde guralýan halkara çärelere işjeň gatnaşyp gelýär. Umumadamzat bähbitli meseleler gozgalýan hem-de olaryň oňyn çözgütleri kabul edilýän halkara çäreleriň köp sanlysy biziň ýurdumyzda geçirilýär. Şeýle çäreleriň ýene-de biri — «Agyr ýagdaýdaky СОVID-19 ýokançly näsaglara giňişleýin gaýragoýulmasyz kömegiň berlişi» boýunça simulýasiýa okuw maslahaty Halkara okuw-ylmy merkezinde geçirildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň halkara maslahatçylary Ýer yklymynyň ilatynyň saglygyny goramakda uly ähmiýete eýe bolan bu mesele boýunça maslahat beriş-tehniki iş sapary bilen Aşgabada geldiler. Olar ilki bilen Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezinde we Halkara saglygy goraýyş-anyklaýyş merkezinde tanyşlyk saparynda boldular.

Yzygiderli kämilleşmegiň nusgasy

Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkezi barada söhbet Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň saglyk ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, adam ömrüniň dowamlylygyny artdyrmak, saglygy goraýyş hyzmatlaryny halkara ölçeglerine laýyklykda ösdürmek hem-de innowasion tehnologiýalara, öňdebaryjy lukmançylyk ylmyna, tejribesine esaslanýan kämil we ýokary netijeli saglygy goraýyş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek ugrunda bimöçber tagallalar edilýär.

Gara sazak, ojar

Häsiýeti. Çöl derman ösümligi. Gara sazak, ojar — selmeler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 7-8 metr gyrymsy ýa-da agaç wekili. Baldagy kese ýerleşýär. Ýapragy ösmedik ýa-da teňňe görnüşli, tümmejik şekilli doly redusirlenen. Gül saklaýjy şahalary geçen ýylky garry pudaklaryndan ösüp çykýar. Birýyllyk şahajyklary bogunly.

Sorag-jogap

Görüş peselen bolsa... Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Göz kesellerini bejeriş halkara merkeziniň gözüň öňki gatlaklarynyň keselleri bölüminiň oftalmolog lukmany Gülşat Gurbanowa habarçymyzyň haýyşy boýunça okyjylaryň soraglaryna jogap berýär.

Bronhitiň bejergisi gijikdirilende...

Habarçymyz dünýä ýaşaýjylarynyň aglabasynda duş gelýän sowuklama keseli barada gürrüň bermegi S.A.Nyýazow adyndaky Bejeriş-maslahat beriş merkeziniň pulmonologiýa bölüminiň müdiri Taýly Açylowdan haýyş etdi. Öýkenlerdäki «dem alyş turbajyklary» diýlip atlandyrylýan bronhlaryň keseli — bronhit iň howply keselleriň hataryna girmeýär. Sebäbi, ýiti alamatlar bilen ilkinji gezek ýüze çykanda lukman tarapyndan doly bejeriş geçirilen halatlarynda bu keselden ymykly gutulmak mümkindir. Ýöne, eger, wagtynda bejeriş geçirilmese ýa-da näsag lukman bilen maslahatlaşman, derman serişdelerini (onda-da antibiotikleri) özbaşdak kabul etse, onda ýiti bronhitiň dowamly görnüşe geçmegi mümkindir. Dowamly bronhit yzygiderli gaýtalanyp duranda bolsa, keseliň ýene bir görnüşi — obstruktiw bronhit döreýär.

Antibiotikleri haçan kabul etmeli?

Antibiotikler ýeke öýjükli mikroorganizmlere degişli bolan bakteriýalara garşy güýçli täsire eýe bolan derman serişdeleridir. Bu topara girýän dermanlar öz öýjüklerinde ýaşap, köpelmäge ukyply bolan bakteriýalary öýjükleri bilen bilelikde ýok edýärler. Antibiotikler diňe bir bakteriýalara däl, eýsem, ýönekeýjelere we beýleki kesel dörediji mikroorganizmlere, çiş öýjüklerine garşy hem täsir edýärler. Olar dürli gaýnaglamaly hadysalarda, ýokanç we iriňli kesellerde, zäherlenmede kesel alamatlaryny çalt aýyrmaga, gysga wagtda näsagyň saglygyny dikeltmäge kömek edýär. Munuň özi antibiotikleri hirurgiýada, dem alyş ulgamynyň, boýnuň, döşüň, içki agzalaryň, peşew-jyns ýollarynyň, deriniň, nemli bardalaryň, damarlaryň gaýnaglamasynda we iriňli kesellerinde (tonzillit, öýken sowuklama, plewrit, mastit, piýelonefrit, furunkulýoz) üstünlikli ulanmaga mümkinçilik berýär.

Siz çagaňyzyň ukyp-başarnyklaryna beletmi?

Çaganyň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak bilen baglanyşykly näçe ir aladalanyp başlasaň, şonça-da gowy. Aýratyn-da, çaganyň nämä ukyplydygyny, ony haýsy ugra ugrukdyrmalydygyny nädip bilmeli? Ol siziň göwün islän ugruňyzmy ýa-da bu meselede çaganyň erk-islegine uly ähmiýet berýärsiňizmi? Intellektleriň dürlüligi

Miokardit nähili kesel?

Ýürek myşsasynyň (miokard) gaýnaglamagy bilen häsiýetlendirilýän kesel «miokardit» diýlip atlandyrylýar. Bu keseliň döremegi köplenç rewmatizm bilen baglanyşykly bolýar. Sebäbi soňky agzalan keselde diňe bir bogunlar däl-de, eýsem, miokard, endokard, perikard (ýüregiň içki we daşky gabyklary), ýürek gabsajyklary (klapan) hem zeperlenýär. Şu jähtden aglaba ýagdaýda endokardit bilen utgaşyp gelýän rewmatiki miokardit (rewmokardit) tapawutlandyrylýar.

Dişleriň sagdynlygy

Dişleriň sagdynlygy, olaryň hatarlarynyň gönüligi ynsanyň görküne görk goşýar. Şeýle-de dişleriň sagdynlygy umumy bedeniň saglygy üçin örän möhümdir. Şol sebäpli çagalykdan başlap, yzygiderli dişleriň saglygy barada aladalanmak gerekdir. Lukmançylykda ortodont lukmany, esasan-da, dişleriň ýokarky we aşaky hatarlarynyň biri-birine sazlaşykly durmagyna, olaryň hatarlarynyň gönüligine zeper ýetirýän hadysalary aradan aýyrmak boýunça bejergi işlerini alyp barýar. Aýratyn-da, dişleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek üçin çagalykdan ortodont lukmanyna ýüz tutmaly.

Aşgazanda agyry dörände...

Gastrit — aşgazan-içege ulgamynyň köp ýaýran keseli bolup, ol, aýratyn-da, mekdep ýaşly çagalarda ýygy duş gelýär. Kesel aşgazanyň nemli bardasynda gaýnaglama ojagynyň ýüze çykýandygy bilen häsiýetlendirilýär. Onuň döremegine içki we daşky täsirleriň sebäp bolup bilýändigini bellemek gerek. Kesel alamatlary ýiti hem-de dowamly görnüşde ýüze çykyp bilýär. Gastrit keseli wagtynda bejerilmese, ol dowamly häsiýete geçýär.

Saglyk barada gyzykly maglumatlar

Öz saglygy barada talabalaýyk alada etmegi her bir adamyň durmuşyň ähli ugurlarynda uly üstünlikleri gazanmagyna, gabat gelýän meseleleri netijeli çözmäge hem-de kynçylyklary ýeňip geçmäge mümkinçilik döredýär. Dünýä tejribesinde saglygy goramaga degişli peýdaly endikleri özüne gündelik düzgün-kada edýän adamlaryň köpdügine göz ýetirýärsiň. Geliň, saglyk üçin peýdaly bolan käbir durmuş endikleri bilen tanşalyň. Dünýäde sagdyn adamlaryň köp ýaşaýan ýeri Ýaponiýanyň Okinawa adasy hasaplanylýar. Bu ýerde resmi taýdan bellige alnan 450-den gowrak uzak ýaşly adamlar ýaşaýar. Olaryň her biri 100 ýaşdan geçen.

Kädi

Bu önüm bedene oňyn täsir edip, bir tarapdan, içki agzalaryň işine itergi berse, beýleki bir tarapdan, deriniň maýyşgaklygy üçin jogap berýän kollagen süýümleriniň öndürilişini işjeňleşdirýär, derini ultramelewşe Gün şöhlesiniň zyýanly täsirinden goraýar. Içki täsiri

Süýjüli diabet

14-nji noýabr — Bütindünýä diabete garşy göreş güni. Ilatyň arasynda Ýer ýüzünde giňden ýaýran ýokanç däl keselleriň biri bolan süýjüli diabet hakynda dürli pikirler bolup, olaryň hemmesi hakykata laýyk gelip durmaýar. Žurnalist Narjan Kasymowa bu kesel baradaky pikirlere dogry baha bermegi, olaryň dogrudygyny ýa-da nädogrudygyny seljermegi Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara endokrinologiýa we hirurgiýa merkeziniň umumy endokrinologiýa bölüminiň lukmany Ogulsona Babaýewadan haýyş etdi.

Bejerginiň esasy şerti

Sistit — peşew çykaryjy ulgamyň keseli bolup, peşew haltasynyň gaýnaglamasy bilen häsiýetlendirilýär. Çagalarda bu keseliň ýüze çykmak ähtimallygyny barlamak hem-de ony bejermek bilen urolog lukmany meşgullanýar. Keseliň alamatlary

Arka näme üçin agyrýar?

Habarçymyz Narjan Ilmyradowa arkadaky agyrynyň esasy sebäpleriniň biri bolan oňurga ingisi bilen baglanyşykly soraglara jogap bermegi Myrat Garryýew adyndaky TDLU-nyň nerw keselleri we neýrohirurgiýa kafedrasynyň assistenti, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Maýa Berdiýewadan haýyş etdi. — Ilki bilen arkada agyrynyň döremeginiň mümkin bolan sebäpleri barada gysgaça gürrüň beräýiň!

Oňurga üçin bejeriş maşklary

Skolioz süňk-myşsa ulgamynyň keseli bolup, oňurga sütüniniň saga ýa-da çepe gyşarmagy bilen häsiýetlendirilýär. oňurga sütüniniň gyşarmagy dogabitdi, metaboliki bozulmalarda ýa-da şikesden soň döräp bilýär. Bu ýagdaý, köplenç, ýetginjeklik döwründe ýüze çykýar. oňurga sütüniniň gowşak gyşarmasynda dowamly fiziki ýüklenmeden ýa-da pyýada ýörelenden soň arkada, aýaklarda agyrylar döreýär, hat-da bedende guruşmalar ýüze çykýar, hereket çäklenýär. Bejeriş bedenterbiýesi islendik derejeli oňurga sütüniniň gyşarmasynyň toplumlaýyn bejergisinde esasy bejergi bolup durýar. oňurga sütüniniň gyşarmasynyň başlangyç döwründe yzygiderli bejeriş maşklary ýerine ýetirilende bu nogsanlygyň öňüni alyp bolýar. Hünärmenler tarapyndan teklip edilen bejeriş bedenterbiýesini oňurga sütüniniň gyşarmasynyň islendik derejesinde lukman bilen maslahatlaşyp ýerine ýetirmelidir. Oňurga sütüniniň saga ýa-da çepe gyşarmasynda ýerine ýetirilýän maşklar toplumy