"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijeler bilen jemlenildi

28-nji noýabrda Aşgabatda geçirilen Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijeler bilen jemlendi. Çempionaty umumylykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy altyn medal bilen tamamlamagy başardy. Ozal habar berşimiz ýaly, çempionatyň birinji gününi türgenlerimiz 2 altyn, 3 kümüş we 3 bürünç medallar bilen jemläpdiler. Çempionatyň ikinji gününde türgenlerimiz 3 altyn, 3 kümüş we 1 bürünç medaly gazandylar.

Kuraş boýunça dünýä çempionaty ýokary netijelere beslenýär

Düýn — 27-nji noýabrda Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň tutluşyklaryna badalga berildi. Çempionatyň birinji gününde erjel türgenlerimiz ýurdumyzyň baýrak gaznasyna 8 medal getirmegi başardylar. Olaryň ikisi altyn, üçüsi kümüş, galan üçüsem bürünç medallardyr. Bürünç medallara Ruslan Esgerow, Sapa Sapaýew we Gülşat Annaýewa atlaryny ýazdyrmagy başardy. Sanjar Abdyrahmanow, Aýşirin Haýdarowa hem-de Aýnur Amanowa bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykyp, kümüş medallara eýe boldular. Öz agram derejelerinde Mariýa Lohowa we Dinara Rozkulowa altyn medal gazanyp, «dünýä çempiony» diýen ada mynasyp bolmagy başardy.

Türkmen-türk gatnaşyklaryndaky täze sahypa

Beýik işleriň ykrarnamasy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran iş sapary öňden gelýän dost-doganlyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyran taryhy sapar boldy. 18-nji oktýabrda Hytaý Halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde «Bir guşak, bir ýol» üçünji ýokary derejeli forumda Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur manyly çykyş etmegi biziň ýurdumyzyň dünýä gatnaşyklarynda jogapkärli, işjeň orny eýeleýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu maslahata 140-dan gowrak döwletlerden we iri halkara guramalaryň 30-dan köpüsinden wekiller, döwlet Baştutanlary, guramalaryň, ministrlikleriň we işewür toparlarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu forumyň esasy göz öňünde tutan meseleleriniň biri soňky döwrüň ýagdaýlarynyň ykdysady işjeňlige ýetiren ýaramaz täsirlerini aradan aýyrmak, ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berjek meselelerdir. Şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky özara dost-doganlyk, goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda, Beýik Ýüpek ýoluny täze röwüşde dikeltmekde ähmiýeti uly bolar. Gahryman Arkadagymyzyň iş saparynyň dowamynda maşgalasy hormatly Ogulgerek Berdimuhamedowa bu ýerde guralýan medeni çärelere gatnaşdy. Milli sungat we senetçilik muzeýine baryp, Hytaýyň medeni gymmatlyklary, baý senetçi

Berekediň sakasy

Türkmende şeýle bir aýtgy bar: «Myhman öz rysgy bilen gelermiş». Bu, hakykatdan-da, şeýle. Ol biziň keremli topragymyza gelen gününden bäri rysgal-berekediň saçagy açylyp, desterhanlarymyz süýji naz-nygmatdan, datly ir-iýmişden doluberdi. Ýylyň dört paslynda tekjeleri boş bolmaýan dükanlarymyzyň, rysgal gory egsilmeýän bazarlarymyzyň miweleri, gök-bakja önümleri her birimiziň göwünlerimizi galkyndyryberdi. Hawa, ol geleli bäri... Eýsem-de, «ol» diýýänim kimkä?! Kimkä ol myhman?! Hawa, ol — sary donuny ýelbegeý atynyp, biziň gözel Diýarymyza Gün bolup ýylgyryp, ýalbyrap gelen tyllaýy Güýz. Güýzüň gelmegi bilen türkmen topragynda ähli zat üýtgedi, özgerdi. Arly ýyllap ene topraga hyzmat eden babadaýhanlarymyzyň ýüzi gülüp, öz zähmetiniň miwesine — bol bereketli hasyla gözi düşdi. Güýz türkmen topragy bilen birlikde ynsan köňüllerine, ýüreklerine hazynasy egsilmeýän baýlyk, ruhy güýç, joşgun, çäksiz şatlyk-şowhun alyp geldi. Güýzüň gujagynda eziz il-günümiz sahawatyň, berekediň baýramyny — Hasyl toýuny uludan belleýär.

«Istedim güýzden seni»

Tebigat — biziň öýümiz. Halkymyz geçmişde wagt aralyklarynyň dowamlylygyny, yzygiderliligini, ölçeg birliklerini takyk kesgitlemek we olardan netijeli peýdalanmak, hadysalaryň sazlaşykly amallaryny kadaly ýöretmek maksady bilen tebigata berk gözegçilik edipdirler. Tebigatda wagt hasaplarynyň bir görnüşi hem pasyllardyr. Pasyllar taryhy ösüşleriň altyn guşagy, ýaşaýşyň janly sahypalary hasap edilýär. Ýylyň-ýylyna tirkeşip gelýän dört paslyň her biriniň öz aýratynlygy, täsinligi, ajaýyp gözelligi bolýar. Ýylyň dört paslynyň münewweri hasap edilýän güýz pasly senenamamyzda dowamlylygy boýunça 91 güni öz içine alýar. Durmuşda ýylyň pasyllaýyn senenama möwsümi boýunça sentýabr, oktýabr, noýabr aýlary güýz tapgyry hasap edilýär. Güýz — pasyllaryň ýüpegi, berekediň göwher şapagy. Halk senenamasy boýunça ýörgünli ýyldyz hasabynyň ýaldyrak döwründen 18 gün bilen garagyş döwründen 10 güne deň bolan wagt aralyklaryny öz içine alýan güýz paslynyň dowamynda gijeleriň gündizlerden uzamagy 23-nji dekabra çenli dowam edýär. Pasyllaryň içinde güýzüň möwsümleýin tapgyrlarynda hojalyk-önümçilik işleriniň ähli ugurlarynyň üznüksiz işjeňligi has-da artýar. Nusgawy edebi eserlerde, orta asyr ýazuw ýadygärliklerinde güýz pasly aýralygyň nyşany, adam ömrün

«Arkadagyň säheri» – köňüllerde döreder baky bahary

Ýakynda Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň «Arkadagyň säheri» atly halkara kinofestiwal geçirildi. Kinofestiwal Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti tarapyndan ilkinji gezek guraldy. Bu festiwal dünýäniň kino muşdaklarynyň ünsüni Arkadag şäherinde jemledi diýip açyk aýdyp bileris. Sebäbi kinofestiwala Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Russiýanyň, Türkiýäniň, Fransiýanyň kino we teatr artistleri, režissýorlary, prodýuserleri gatnaşdylar. Olaryň arasynda «Bozdag Film» kinokompaniýasynyň esaslandyryjysy Mehmet Bozdag, türk kino ýyldyzy Burak Özçiwit, «Monde et Media» fransuz kompaniýasynyň artisti Eduar Montut hem bar.

Magtymguly Pyragynyň döredijiligindäki sýužetler

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşige (Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanynda)

Döwrebap bilim ojagy

Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri aklygy, gözelligi, ajaýyp gurluşy bilen haýran galdyrýar. Biziň döredijilik toparymyz hem bu «akylly» şäheriň her bir binasy hakyndaky maglumatlary yzygiderli we giňişleýin okyjylaryna ýetirip durýar. Biziň bu gezekki syýahatymyzyň ýazgysy bolsa çagalaryň söýgüli ýeri bolan bilim ojagy hakynda. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «akylly» şäherde ýaş nesillerimiziň dünýä derejesinde sowatly, giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli bolmagy ugrunda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Yzygiderli ylym-bilim maksatly edaralaryň, mekdepleriň gurlup ulanylmaga berilmegi her bir ýaş nesilde ylym-bilim dünýäsine bolan söýgini artdyrýar. Onuň şeýledigine biz Arkadag şäherindäki ýöriteleşdirilen 1-nji okuw-terbiýeçilik toplumynda myhmançylykda bolanymyzda-da aýdyň göz ýetirdik.

Goşgular çemeni

Azat RAHMANOW Şatlyk bile

Adam bolmak kyn...

(Erteki-powest) Kömek KULYÝEW, ýazyjy.

Şygyr dünýäsindäki ýaş zehinler

Ata Watanymyzda şygryýete aşyk, döretmäge yhlasly, zehinli çagalar az däl. Ine, paýtagtymyzyň Kerim Gurbannepesow adyndaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 52-nji orta mekdebinde bilim alýan ýaş, zehinli okuwçylaryň ýazýan şygyrlary bellenilmäge mynasypdyr. Golaýda bu mekdebiň okuwçylarynyň arasynda geçirilen edebiýat birleşmesinde «Güneş» žurnaly myhmançylykda bolup, onda ýaş zehinleriň şygyrlaryna ýokary baha berildi. Bu edebiýat birleşmesinde şahyr Mämmetgurban Mämmetgurbanowyň beren halypalyk maslahatlary, öwüt-ündewleri ýaş döredijilerde uly täsir galdyrdy. Biz hem şol edebiýat birleşmesinde çykyş eden mekdep okuwçylarynyň şygyrlaryny žurnalyň okyjylaryna hödürlemegi makul bildik. Arkadag şäherimiz

Dürli galam

(Hekaýa) Dilber bilen Gözel — dogan. Daşyndan görenler-ä, köplenç: «Siz ekizmi?» diýibem soraýarlar. «Ýok, ekiz däl!» diýen jogaby alansoňlar bolsa, olar ýene-de soraýarlar: «Haýsyňyz uly, senmi?» diýip, hökman Dilbere seredýärler. Şolar ýaly bolanda Dilber, hakykatdan-da, ýaşy Gözelden uly ýaly çyny bilen begenýär. Gözel bolsa, hamana galyp barýan ýaly: «Ýok, men uly» diýip, her gezek sowalyň jogabyny özi berýär. Bir ýarym ýaş töweregi tapawutlary bolansoň, olar örän basdaş. Esasan-da, Dilberiň bolşy täsin. Ol hemme zady Gözelden gysganýar. Gözel mekdebe gitmeli bolanda dagy entek Dilbere wagt kändigine garamazdan, Dilberem okuw esbaplarynyň köpüsini satyn aldyrypdy.

Bagtyýar çagalaryň mekany

Körpe balajyklardan aglaba wagtyňyzy nirede geçirýärsiňiz diýip sorap gördüňizmi?! Elbetde, olar ilki bilen «Öýümizde» diýip aýdýarlar. «Soňra nirede?» diýip sowalymyzyň üstüni ýetirenimizde bolsa olaryň jogaby şu hili bolýar: «Çagalar bagymyzda». Käbir körpelerimiz gönüden-göni «Biz kö-ö-öp wagtymyzy çagalar bagymyzda geçirýäs» diýibem gürrüň berýärler. Bu şeýle-de bolaýmaly. Sebäbi ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän çagalar baglaryny görmäge göz, wasp etmäge söz gerek. Ýakynda «Güneş» žurnaly ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda wagtlaryny peýdaly we gyzykly geçirmekleri üçin ähli şertleri öz içinde jemleýän şeýle çagalar baglarynyň birinde boldy. Ol Aşgabat şäheriniň Gurtly ýaşaýyş toplumynda ýerleşýän 129-njy çagalar bagydyr. Çagalar bagynyň açylyp ulanylmaga berlenine kän wagt geçenok. Ýadyňyzda bolsa, bu çagalar bagy 2022-nji ýylyň 28-nji dekabrynda hormatly Prezidentimiziň hut özüniň ak pata bermeginde açylypdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpelere sowgat beren bu çagalar bagy ähli mümkinçilikler bilen üpjün edilen. Iki gatdan ybarat bolan çagalar bagy döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýän oýun meýdançalary, howuz, kompýuter, lingafon, aýdym otaglary, ýatmak üçin niýetlenen otaglar

Matematiki düşünjeleri öwretmekde oýunlaryň ähmiýeti

(Başlangyjy žurnalymyzyň geçen sanynda) Çaga oýunda reňki, ölçegi, ululygy, san we giňişlik gatnaşyklaryny öwrenýär, maglumatlaryň häsiýetleri bilen tanyşýar. Şeýlelikde, çaganyň ugurtapyjylygy, üşükliligi ýüze çykýar. Şu nukdaýnazardan, didaktiki oýunlardyr ýumuşlar çaganyň hemmetaraplaýyn ösüşine ýardam edýär.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Mähriban çagalar, žurnalymyzyň şu sanynda Ak bugdaý etrabynyň N.Saryýew adyndaky çagalar sungat mekdebinde okaýan ýaş suratkeş Serdar Mämiýewiň çeken suratlaryny size hödürleýäris. Ol diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda geçirilýän surat bäsleşiklerine gatnaşyp, özüniň ukyp-başarnygyny görkezýär. Onuň 2022-nji ýylda Belarussiýa Respublikasynda geçirilen «Planetada çagalar dostlaşýarlar» atly VIII Açyk halkara çagalaryň surat bäsleşigine, şeýle-de 2023-nji ýylda TÜRKSOÝ guramasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Türk dünýäsi — ýaş suratkeşleriň gözi bilen» atly bäsleşigine gatnaşyp, degişli şahadatnamalara eýe bolmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol ýyllyga bagyşlanyp döredilen kitapda bolsa çeken suratynyň ýerleşdirilmegi onuň ýene bir üstünligi boldy.

Arkadag şäheri – medeni çäreleriň geçirilýän merkezi

Ýakynda Arkadag şäherinde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti geçirildi. Ajaýyp keşbi bilen myhman bolanlary haýrana goýýan Arkadag şäheri ýurdumyzyň iň bir gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Ýakynda bolsa bu ýerde V Wena baly we «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň konserti ilkinji gezek geçirildi. Bu çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Gysganç bilbil hakynda erteki

(Rus halk ertekisi) Bir gezek bilbil gowaçanyň şahalaryndaky gülläp oturan owadan güllere gözi düşüpdir. Bilbil onuň üstünde oturyp, hasylyna garaşmagy ýüregine düwüpdir. Bilbil şahada ornaşypdyr-da, ençe wagtlap açlyk çekip, gowaçanyň miwesine garaşypdyr. Beýleki guşlary bolsa kowup, onuň ýanyna golaýlatmandyr.

Şekillere siňen çaga keşbi

Çagalar biziň ýagty geljegimizdir. Ençeme sungat ussatlary päkize hem naşyja çaga keşplerinden ylham alyp, dürli-dürli eserleri döredýärler. Ine, çaga keşplerini döredýän ussatlaryň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi Dursun-Solmaz Muhammedowanyň aýratyn orny bardyr. Tanymal sungat ussady, zehinli heýkeltaraş, ökde nakgaş, özboluşly grafikaçy Dursun-Solmaz Muhammedowa çagalykdan surat çekmeklige we şekil ýasamaklyga aýratyn höwes bildirip, eýýäm şol ýyllarda sungatyň inçe syrlaryny özbaşdak özleşdirmäge başlapdyr.

Dünýäniň owazy — mukamlar başy

Ýer ýüzünde şeýle bir ajaýyp aýdym bardyr. Şol aýdymy bagşylar däl-de, her kim öz ukyp-başarnygyna görä ýerine ýetirýär. Muňa garamazdan, ol aýdym diňleýjisini bada-bat özüne çekip, ýüpsüz baglaýar. Ol aýdymy näçe diňleseň hem ondan ganma ýok, bu mümkin hem däl. Bu aýdym eneleriň öz eziz perzentlerine bolan mähir-söýgüsine eýlenip, süýji arzuw-umytlara ýugrulyp, ýürekleriň töründen joşup çykýan, kalplara mähir çaýýan, göwünlere ganat bekledýän mukaddes ene hüwdüsidir. Türkmen perzendi dünýä inip, mährem enesiniň gujagyna dolan gününden başlap, ene ýüreginiň owazy hasaplanýan hüwdi bilen garşylanýar. Enelerimiz öz mylaýym sesi bilen çagalaryny hüwdüläpdirler, ezizläpdirler. Enäniň mylaýym, rahatlandyryjy owazy sallançakda ýatan çagany aýdylýan hüwdä diň salyp, süýji uka batyrýar. Ene-mamalarymyz tarapyndan ýerine ýetirilýän hüwdülerde enäniň öz çagasyna bolan söýgüsi, mähri, perzendi dogrusynda edýän süýji-süýji arzuwlary... ýatyr. Öz mährem balasy hakynda hiňlenilýän bu setirler ene kalbynyň, ene ýüreginiň owazydyr. Ene ýüreginiň aýdymy bolan hüwdülerimiz gadymy döwürde döräp, taryhy döwürleriň ýaňyny biziň günlerimize ýetiren genji-hazynadyr. Sebäbi olar ýöne bir goşgy bentleri bolman, eýsem, dörän döwrüniň ýagdaýy