Gözel halypanyň şygyrlaryny okap...

29 Oktýabr 2021
785

Häzirki zaman milli söz sungatynda mertlik pelsepesi barada gürrüň edilende, ilkinji nobatda, Türkmenistanyň Gahrymany Gözel Şagulyýewanyň şahyrana eserleri göz öňüňe gelýär. Halypa zenan şahyrymyz özüniň «Mertlik gerek», «Watan ogly mertden geler» atly şygyrlarynda, «Dowamdadyr mert zürýady ýigidiň», «Arkadagym, Merdanamsyň, Merdimsiň», «Merdiň aty diňe öňe Arkadag» atly poemalarynda we başga-da birnäçe liriki eserlerinde mertlik pelsepesiniň many-mazmunyny anyk-aýdyň açyp görkezýär hem-de bu düşünjäniň türkmen ýigidini bezeýän ajaýyp gylykdygyny, şeýle gylygy şahsy häsiýetine öwren gerçegiň bolsa hakyky Watançy oguldygyny şahyrana dilde örän ussatlyk bilen beýan edýär.

Gözel Şagulyýewanyň çeper döredijiligindäki mertlik pelsepesi öwüşginliligi we çuňňur mazmunlylygy bilen her bir okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Ol çeper obrazlylyga, nepis duýgulara ýugrulyp, häzirki zaman türkmen şygryýetiniň buýsanjyna öwrüldi.

Toýly JÄNÄDOW,
Mary etrabynyň ýaşaýjysy.