Özara hyzmatdaşlykda täze ädim
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan Hazarýaka ýurtlarynyň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary häzirki wagtda ýokary derejede dowam etdirilip, hil taýdan anyk häsiýete eýe bolýar. Bu hakykaty “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynyň 29-njy iýunynda paýtagt şäherimizde bäş doganlyk döwletleriň hormatly Prezidentleriniň gatnaşmagynda ýokary derejede geçirilen altynjy Hazar sammiti ýene-de bir gezek subut etdi. Hoşniýetlilik, özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen Hazarýaka döwletleriniň altynjy sammiti Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny, syýasy, ykdysady, söwda, ekologik, ynsanperwer gatnaşyklary öz içine aldy. Mälim bolşy ýaly, Hazar deňzi dost-doganlyk gatnaşyklarynyň merkezidir, goňşy halklar üçin bereket çeşmesidir. Bu babatda hormatly Prezidentimiz altynjy Hazar sammitinde eden taryhy çykyşynda: “Men Gündogar—Günbatar hem-de Demirgazyk—Günorta ugurlary boýunça Ýewraziýada üstaşyr ulag akymlarynyň baglanyşdyryjy merkezi hökmünde Hazar deňzini “Mümkinçilikleriň deňzi” diýip atlandyrmagy hakykatdan daşda däl diýip hasaplaýaryn” diýip belledi.