"Diýar" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-56, 39-95-30, 39-95-23
Email: diyar-zurnaly@online.tm

Makalalar

Başarnyklylara baýraklar gowşuryldy

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň  merkezi binasynyň dabaralar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň Müdiriýetiniň hem-de «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasynyň bilelikde guran «Köňülleri birleşdirýän sungat» atly döredijilik bäsleşiginiň jemlerine bagyşlanan dabara boldy. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 27 ýyllygy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilen bu bäsleşikde ýaş, başarnykly, zehinli terjimeçi ýaşlaryň ençemesi ýörite baýraklara mynasyp boldular. Terjimeçi ýaşlaryň arasyndaky bu bäsleşige gelen eserleriň 400-siniň içinden has şowly çykanlary eminler topar tarapyndan saýlanylyp alyndy. Bäsleşigiň jemleri boýunça bir sany baş baýrak, 12 sany baýrakly orunlar, höweslendiriji  baýraklaryň 22-si kesgitlenilip, olar döredijilik bäsleşiginde ýeňiş gazanan ýaş terjimeçilere dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Terjimeçilik — üýtgeşik dünýä. Onuň nury edebiýatyň süňňüne aýratyn öwüşgin çaýyp dur. Şeýle ajap sungata höwes bildirýän ýaşlaryň sanynyň barha artmagy bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň  halypa-şägirtlik ýoluny mynasyp dowam etdirmek babatdaky wesýetleriniň

Hormatly adamlar!

Gyşyň aşa sowuk bolýan günlerinde saglygymyzy goramak üçin elimizden gelenini etmelidiris. Çünki saglygymyz biziň iň uly baýlygymyzdyr. Hormatly adamlar, sowuk howa şertlerine uýgunlaşmak, adamyň bedeniniň immun ulgamyny ýokarlandyrmak üçin şu aşakdaky şertleri berjaý eden ýagdaýymyzda, öz saglymyzy gorap bileris. 1.     Daşarda, ýagny sowuk howada geçirjek wagtymyzy sazlamalydyrys. Aslynda, sowuk howa daş-töwerekdäki mikroplara garşy söweşiji adam bedenindäki elementleriň sanyny artdyrmak arkaly bu ulgamy kuwwatlandyrýar. Emma sowuk howada geçirýän wagtymyz uzan ýagdaýynda, bedenimiziň mikroplara garşy söweşijilik ukyby peselip, adatdakydan gowşap ugraýar. Şol sebäpden, mümkin boldugyça, sowuk howada uzak wagtlap galmaly däldir.

Türkmenistan – Emirlikler: hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, abraýly sebit hem-de halkara guramalaryň çäklerinde depginli ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine 21-22-nji noýabrda amala aşyran resmi sapary we ýokary derejedäki gepleşikleri döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze, möhüm sahypany açmaga gönükdirilendir. Bilşimiz ýaly, saparyň dowamynda iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümdäki ýokary derejeli ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. BAE-niň Prezidentiniň nygtaýşy ýaly, Birleşen Arap Emirliklerinde Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasaty hem-de dünýä jemgyýetçiliginiň giň ykrarnamasyna eýe bolan döredijilikli başlangyçlary dolulygyna goldanylýar. Iki dostana ýurt tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe bolan, geografik taýdan amatly ýerleşen, depginli ösýän döwletler bolup, bularyň ählisi söwda-ykdysady ulgamda özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçilikleri açýar. Bu ugurda bar bolan kuwwaty has netijeli peýdalanmakda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitete hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Söwda-senagat edaralary federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça döredilen işewürlik ge

Türkmenistan Bitaraplyk mekany

Gel dost, açyk gapy, asuda asman!Joşar munda bagtly ömrüň mukamy.Ýyllary ýylgyryp bagryna basýan,Mähir-muhabbetli, seýran sapaly,Türkmenistan — Bitaraplyk mekany! Assa-assa buşlugynda pursadyň,Söýgi bilen saza dolar gursagyň,Şatlyga beslenýär sagyň hem soluň, Dostlaryň dostuna ynam bekäni,Türkmenistan — Bitaraplyk mekany!

Gijeki älemgoşar

Her ýyl demirgazyk yşyklaryny synlamak üçin Finlandiýa döwletine müňlerçe syýahatçy barýar. Emma muňa garamazdan, demirgazyk yşyklary gaty seýrek görünýär. Şonuň üçin hem käbir syýahatçylara ony görmek başartmaýar. Demirgazyk giňişliginde olara «demirgazyk yşyklary» diýilse, günorta bölekdäki görünýänler «günorta yşyklary» diýlip atlandyrylýar. Demirgazyk bölekde köp duş gelýändigi sebäpli alymlar olary, esasan, «demirgazyk yşyklary» diýip atlandyrýarlar. Demirgazyk yşyklary Ýeriň magnitli bölegi bilen Güneşden gelýän köp mukdardaky şöhläniň galtaşmagy esasynda emele gelýän tebigy hadysadyr. Rimde «Awrora borealis» diýlip atlandyrylýan bu yşyklar rim mifologiýasyndaky şapak taňrysy Awroranyň ady bilen baglanyşyklydyr. Maglumatlarda demirgazyk yşyklarynyň diňe gyş paslynda ýüze çykýandygy görkezilýär. Emma soňky wagtlarda alymlar olary ýylyň her paslynda görüp bolýandygyny belleýärler. Gyş paslynda howanyň, köplenç, bulutsyz bolup, beýleki wagtlara garanyňda gijäniň uzyn bolýandygy sebäpli olaryň görünmek ähtimallygy ýokarydyr. Demirgazyk yşyklaryny görmek her kişini gyzyklandyryp biler. Sebäbi olar dürli reňklerden emele gelen älemgoşary ýatladýar. Olaryň kä 10 minut, käte bütin gije görünýändigi bellenilýär. Bu Gün şöhlesiniň mukdaryna

Bir der­ýa­dan suw içen­ler

Türkmenistan öz Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmaga niýetlenen oňyn taryhy gadamlary goýdy. Ol, ilkinji nobatda, bitaraplygyň özüne mahsus bolan milli nusgasyny döretmegiň hötdesinden geldi. Eýsem-de, bütin Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar bolmagyny gazanmak üçin, ilki bilen, ýurduň öz içinde agzybirligi, jebisligi pugtalandyrmagyň, galyberse-de, iň ýakyn goňşy döwletler bilen ysnyşykly gatnaşykda bolmagyň derkar dälmi näme?! Hawa, Türkmenistan döwletimiz goňşuçylyk gatnaşyklarynda dost-doganlyk, birek-birege ynanyşmak hem hormat goýmak ýörelgelerine eýermek bilen, ýakynyny dosta, dostlaryny dogana öwürmegi başardy. Muňa wagt synagyndan geçen türkmen-özbek dostana gatnaşyklarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Heňňamyň çuňluklaryna aralaşsaň, türkmen bilen özbek halkynyň bir kökden suw içip, kemala gelen uly bir daragtyň şahalaryna çalymdaşdygyna göz ýetirýärsiň. Türkmenler bilen özbekler elmydama goňşy oturypdyr. Bir obada ýaşap, bir tamdyrda çörek bişirip, bir howadan dem alyp, bir derýadan suw içipdir. Ol biziň häzirki zamanamyzda-da hut şeýle. Siňe syn etseň, däpdir dessurynda, yrymdyr ynançlarynda, görüm-göreldesinde iki halkyň arasyndaky umumylyklar barmak basyp sanardan juda köpdür.

Ata ýurdum — dost-doganlyk mekany

«Parahatlyk — ýürek baýdagy» diýen,«Ýurdum — baky bahar baýramy» diýen,Arkadagyň köňül aýdymy bilen,Dünýä dolýan abadanlyk mukamy:Türkmenistan — dost-doganlyk mekany! Bir päkize niýet, bir ýagşy päl sen,Bir tämiz ýörelge, bir kämil ýol sen,Çar ýany dost-dogan, ýürekdeş il sen,Ugruň dogry, maksatlaryň hudawy,Ata ýurdum — dost-doganlyk mekany!

Bi­ta­rap­lyk – pa­ra­hat­çy­ly­gyň da­ýan­jy

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda durnukly ösüşi gazanmak maksady bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän daşary syýasy strategik ugry, parahatçylygyň meselelerini dünýä bileleşiginiň ýurtlary bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda diplomatik ýollar arkaly çözmäge gönükdirilendir. Taryha giren 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň resmi taýdan ykrar edilen günüdir. Mundan laýyk 27 ýyl öň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji ýubileý sessiýasynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Rezolýusiýa kabul edildi. Dünýä bileleşigi hormatly Prezidentimiziň parahatçylygy gorap saklamak, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek babatdaky işlerini nazara alyp, bu Rezolýusiýany 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ikinji gezek kabul etdi. Bu guramanyň 2017-nji ýylyň fewral aýynda kabul eden ýörite Kararnamasy bilen her ýylyň 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip yglan edildi. Bu taryhy çözgütler Milletler Bileleşiginiň Garaşsyz Türkmenistanyň tagallalaryna berýän ýokary bahasydyr.

Suw gym­mat­ly ha­zy­na­dyr

Suw ýaşaýşyň çeşmesi hasaplanýar. Şonuň üçin türkmenler asyrlaryň dowamynda suwa aýawly çemeleşipdirler. Onuň her bir damjasyny altyna barabar görüpdirler. Bu bolsa suwy tygşytly ulanmagyň möhümdigini nygtaýar. Türkmen halk döredijiliginde suwa sarpa goýmak hakynda birgiden nakyllardyr aýtgylar, tymsallar hem-de rowaýatlar döräp, dilden-dile geçip gelipdir. Gahryman Arkadagymyz hem ýaşaýşyň çeşmesi bolan suwa has aýawly çemeleşmegiň zerurdygyny mydama ündäp gelýär. Arassa agyz suwunyň halkymyzyň saglygyny berkitmekde, raýatlaryň ömrüni uzaltmakda hem-de milletiň genofondyny gowulandyrmakda bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedigini mysallaryň üsti bilen düşündirýär.

Te­bi­ga­ty go­ra­ma­gyň nus­ga­sy

Arkadagly Serdarymyzyň paýhasly nazaryndan bina bolan sil suwlaryny sowujy desganyň gurlup ulanylmaga berlendigi baradaky habar gadymy oguz ýurdunyň bagta dahylly her bir raýatynyň kalbynda çäksiz buýsanç we kanagatlanma duýgusyny döretdi. Paýtagtymyzyň günorta böleginde peýda bolan bu deňi-taýy bolmadyk sil suwlaryny sowujy desga hormatly Prezidentimiziň tebigy betbagtçylyklardan we paslyň aýratynlyklary zerarly ýüze çykyp biljek ýagdaýlardan ilaty we ýer parçalaryny, dürli maksatly desgalary goramak bilen bagly çynlakaý aladalarynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Russiýa Federasiýasynyň «Wozroždeniýe» önümçilik birleşigi tarapyndan gurlan bu suw desgalar toplumy halkara güwänamalarynyň birnäçesine eýe boldy. Ine, ol halkara güwänamalar: «Seleweýa assosiasiýa» sebitara jemgyýetçilik guramasynyň toplumyň özboluşly gurluşyk taslamasy esasynda durmuşa ornaşdyrylandygy baradaky güwänamasy, A.Kostýakow adyndaky Gidrotehnika we meliorasiýa baradaky bütinrussiýa gözleg institutynyň toplumyň çäkleriniň ýagyn we sil suw akymlarynyň täsirinden inženerçilik goraglylygyny üpjün edýän gurluşyk desgasynyň daşky gurşawa howpsuzdygy baradaky güwänamasy, «Sigmacert» halkara resminamalaşdyryş Bilim we barlag hyzmatlar kompaniýasynyň toplumyň gurluşygynyň Standartlaşdyrma boýunça halkara gur

Sport ul­ga­my üs­tün­lik­le­ri na­zar­la­ýar

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda häzirki döwürde milli ösüşiň giň göwrümli gazananlary bilen dünýä meşhurdyr. Parahatçylygyň belent maksatlarynyň hem-de ösüşiň bähbidine ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldilýär. Şonuň bilen birlikde parahatçylygyň, dostlugyň kepili bolan sport ulgamyndaky hyzmatdaşlyklar döwrüň talabyna görä barha ösdürilýär. Çünki, sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan belent güýçdir. Türgenler agzybirlik bilen güýç synanyşýarlar, bäsleşýärler. Olardan ukyplylar, erjeller ýeňiş gazanýarlar. Şeýlelikde, gazanylýan netijeler sportuň diňe bir türgenleriň arasyndaky medallar ugrundaky ýaryşlar däldigini görkezmek bilen asudalygy we agzybirligi kepillendirýän gatnaşyklaryň binýady hasaplanylýar.

Seljuklaryň parahatçylyk döredijilik ýörelgeleri

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Döwlet maslahatynda eden çykyşynda şu binýatlyk ähmiýetli pikir-garaýşyny beýan etdi: «Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarynda ynanyşmak dialogynyň filosofiýasyny ilerletmek bilen, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerip, täze başlangyçlary öňe sürmegi göz öňünde tutýar». Bu çuňňur paýhasa eýlenen sözleriň gözbaş alýan çeşmeleriniň biri hem halkymyzyň şöhratly taryhy, hususan-da, häzirki zaman dünýä siwilizasiýasynyň emele gelmeginde mynasyp orun alan Beýik Seljuk imperiýasynyň bize miras goýan daşary syýasy we diplomatik ýörelgeleri hem däpleri bolup durýar. Olary içgin öwreneniňde, hormatly Prezidentimiziň daşary syýasatyndaky bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň çuňňur kökleriniň ata-babalarymyzyň dünýäniň ençeme künjeginde döreden döwletleriniň daşary syýasatynyň özeninden gözbaş alýandygyna göz ýetirmek bolýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynda: «Milli bitewülige we hoşniýetli goňşuçylyga, beýleki halklar bilen parahatçylyk söýüjilikli we dostlukly gatnaşyklara gadyr g

Bilimden binýatly türkmen ýaşlary

Hormatly Arkadagymyz: «Ylym we bilim — bu halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda toplan hem-de nesilden-nesle geçiren bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygydyr» diýip jaýdar belleýär. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň fewral aýynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda ösüşiň täze tapgyryna badalga boldy. Milli bilim ulgamyny mundan beýläk kämilleşdirmek işlerine-de bu Maksatnamada uly orun berlendir. 2021-nji ýylyň 5-nji iýunyndan güýje girizilen «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinden ugur alyp ýurdumyzyň ýokary, orta hünär we orta mekdepleri öz asylly maksatly işlerini has-da netijeli alyp barýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda batly depginler bilen gülläp ösýän Watanymyzda ýaşlar syýasatynyň barha dabaralanýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr. Ata Watanymyzda ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek, türkmen ýaşlaryny dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil, giň dünýägaraýyşly, Watansöýüji ýaşlar edip ýetişdirmek döwrümiziň öňde goýýan wezipeleriniň esasyny düzýär. Türkmenistanyň Inžener-tehiniki we ulag kommunikasiýalary instituty hem

Maş­ga­la söh­be­ti

Maşgalanyň özi bir kiçijek döwletdir. Ine, şol kiçijek döwlet barada biziň ýurdumyzda döwlet derejesinde has ýakyndan, dynuwsyz alada edilýändigini her birimiz duýýandyrys. Ol alada ösüp gelýän ýaş nesil baradaky alada syrygyp gidýär. Şu ýerde şu ýylyň altyn güýzüniň ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekendigini hoşallyk bilen ýatlamalydyrys. Bu Kanun boýdan-başa ýaşlar hakynda döwletiň edýän aladasynyň beýanydyr. Ýaşlar bolsa maşgalada kemala gelip, soňra özleri-de maşgala döredýär. Şonda olar ilkinji terbiýäni, görüm-göreldäni maşgalada alyp, ata-baba däp-dessurlary-da maşgalada öwrenýärler. Şonuň üçin ýaşlar hakyndaky alada gönüden-göni maşgala ýagny ADAM hakyndaky aladadyr. Ýaşlar hakyndaky Kanun «ýaşlar» diýen düşünjede 35 ýaşa çenli bolan raýatlary göz öňünde tutýandygyny gepiň gerdeşine görä, belläp geçmek ýerlikli bolsa gerek. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň bu Kanunynda ýaşlara terbiýe bermek meselesine uly ähmiýet berilýär. Oňa ýörite bir bap bagyşlanypdyr. Kanunyň III baby «Ýaşlaryň watançylyk terbiýesi» diýlip atlandyrylýar hem onda ýaşlara terbiýe bermegiň ugurlary görkezilýär. Has anyk aýtsak,

«Dün­ýäň sal­lan­ça­gy enäň elin­de»

Näme üçindir ene barada ýatlananda, hemişe kalbyňa üýtgeşik bir mähir aralaşýar. Eneler barada aýdymdyr goşgy diňlenende, ýüregiňde söz bilen beýan edip bolmaýan nähilidir bir duýgy peýda bolýar. Ol perzendiň enä bolan söýgüsinden, enäniň perzende bolan mährinden döreýär. Şonuň üçin ol beýik ynsana «mähriban ene» diýilýär.

Ra­sio­na­li­za­tor­çy­lyk işi­niň hu­kuk bin­ýa­dy

Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, sanly ulgamy, täze senagat pudaklaryny döretmekde milli Maksatnamalary durmuşa geçirmekde ylma uly ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde Watanymyzyň beýik üstünlikleriniň binýadyny ylmyň-bilimiň ösüşinde görýäris. Ýurduň ösüşi, ilkinji nobatda, ylym-bilimiň döwrebap ösdürilmegi babatdaky döredilýän mümkinçiliklerde jemlenendir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda»: «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmäge, ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmäge we hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli innowasiýa ulgamyny kemala getirmek maksady bilen ylmy-barlag işleri hem-de täze oýlap tapyşlar we tejribeler üçin maliýe serişdelerini goýbermegi dowam etdirmek, ylmy köp talap edýän we öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilikleri höweslendirmekden ybaratdyr» diýlip bellenendir. Bu bolsa ýurdumyzyň dünýä tejribesinden peýdalanyp halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilendir.

Ba­ha ul­ga­my­nyň kä­mil nus­ga­sy

«Ýyllar geçýär, galýar gözellik»

Türkmeniň gadymyýetden uzaýan asylly däbiniň häzirki gün hem birkemsiz ýöredilmegi onuň aslynyň päklikden, halallykdan uzap gaýdýanlygyndan habar berýär. Çünki islendik bir millet özboluşly däp-dessury, edim-gylymy bilen dünýä ýüzünde giňden tanalýar. Eli çeper zenanlarymyzyň dokaýan bezeglik el işleri bu günki günde diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem daşary ýurtlularyň ünsüni özüne çekýär. Bütin älemi haýrana goýýan türkmen gölli, şeýle-de tebigatyň, dünýäniň iň gözel ýerleriniň şekilleri siňen nepis halylarymyz her bir öýleriň, iş ýerleriň bezegi bolup durýar. Bu gözellik bize gadymyýetimizden şu günümize mirasdyr. Nepis halylarymyzyň diňe bir halkymyzyň däl, eýsem dünýä milletleriniň her bir ojagynyň bezegi bolmagynda telekeçi zenan Gülnur Çopanowa bu günki gün asylly işi alyp barýar.

«Ýylyň türkmen edermen alabaýy»

Sport – pa­ra­hat­çy­ly­gyň il­çi­si

Sport — ru­hu­be­lent­li­ge ba­dal­ga, sport — bag­ta ýa­ran bol­ma­gyň sal­gy­sy. Spor­ta öm­rü­ni bag­lan yn­san­la­ryň mak­sat­la­ry asyl­ly, ar­zuw­la­ry wy­sal­ly bol­ýar. Hut şo­nuň üçi­nem bi­ziň ýur­du­myz­da spor­tuň we be­den­ter­bi­ýä­niň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan sport tag­ly­ma­ty Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz ta­ra­pyn­dan my­na­syp do­wam et­di­ril­ýär. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de türk­men spor­ty be­lent ba­dal­ga­ly ösüş­le­re ýa­ran bol­ýar. Türk­men spor­tu­ny ge­rim­li ös­dür­mek ba­ra­da­ky be­lent baş­lan­gyç­la­ra pä­ki­ze zäh­me­ti bi­len jo­gap ber­ýän sport ojak­la­ry­nyň bi­ri-de, Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň «Olimp» sport mek­de­bi­dir. Biz go­laý­da bu mek­dep­de gel­jek­de ýur­du­my­zyň ab­ra­ýy­ny go­ra­jak tür­gen­le­riň taý­ýar­la­ny­ly­şy we al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler bi­len gy­zyk­la­nyp, «Olimp» sport mek­de­bi­niň di­rek­to­ry­nyň we­zi­pe­si­ni wagt­la­ýyn ýe­ri­ne ýe­ti­ri­ji Güýç­gel­di Ha­jy­my­ra­dow bi­len söh­bet­deş bol­duk. Žur­na­lyň ş