Bildirişler

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

Eziz watandaşlar! Edermen daýhanlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň adyna ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri öz gutlag hatlarynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu baýramyň türkmen topragynyň sahawatlylygyny we ata-babalarymyzyň şöhratly ekerançylyk däplerini mynasyp dowam etdirýän halkymyzyň zähmetsöýerligini alamatlandyrýandygyny belleýärler. Olar hormatly Prezidentimize halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek baradaky aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, uzak we bagtyýar ömür, Garaşsyz Watanymyzyň ösüşiniň, rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan köptaraply işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Hasyl toýy bilen döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda Polşa Respublikasynyň Milli garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Anjeý Duda tüýs ýürekden berk jan saglyk, abadançylyk, Polşanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2022» atly XV halkara sergisine hem-de ylmy maslahata gatnaşyjylara

Gadyrly myhmanlar! Hormatly aragatnaşyk pudagynyň işgärleri!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Eziz watandaşlar! Hormatly bank ulgamynyň işgärleri!

Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Luis Inasiu Lula da Silwa Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentiniň saýlawlarynda ýeňiş gazanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, jenap Luis Inasiu Lula da Silwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, Braziliýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Hindistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä ýurduň Gujarat ştatynda köpriniň ýykylmagynyň köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan alabaý itini häzirki zaman dünýä ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly ulgamlaýyn esasda saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, halk seçgiçiligini ösdürmekde hem-de kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde gazanan uly üstünlikleri üçin we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola ýurduň Seul şäherindäki pajygaly basa-baslyk netijesinde, köp sanly adam pidalaryna hem-de şikes ýetmelerine getiren hadysa zerarly çuňňur gynanç bildirdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.