Türkmenistanyň Prezidenti Kuweýt Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi
1 Oktýabr 2020
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkynyň, Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Nawaf Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabaha Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al-Ahmed Al-Jaber Al-Sabahyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady. “Türkmen halky doganlyk halkyň gynanjyny paýlaşýar. Onuň Alyjenaby parasatly we öňdengörüji ýolbaşçy hökmünde, Kuweýt Döwletiniň hem-de onuň halkynyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda örän uly işleri bitirdi. Onuň ýagty ýadygärliginiň häzirki we geljekki nesilleriň kalbynda baky galjakdygyna ynanýaryn” diýlip, hatda bellenilýär.