Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna umumymilli baýram — Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Şolarda milli Liderimiziň işläp taýýarlan «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagatynyň innowasiýalar hem-de dünýä ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ösýändigi, keselleriň öňüni almakda, sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmekde uly üstünlikleriň gazanylýandygy bellenilýär. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimize türkmen halkynyň abadançylygy ugrunda edýän aladalary üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen köpugurly işinde täze üstünlikleri arzuw edýärler. Milli Liderimizi şanly baýram mynasybetli Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary Ç.Amanow, Ş.Durdylyýew, M.Geldinyýazow, Ç.Gylyjow, M.Meredow, R.Meredow, M.Mämmedowa, G.Müşşikow, E.Orazgeldiýew, B.Öwezow gutladylar.