Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamany biragyzdan kabul etmegi, şeýle hem Arkadagly Serdarymyza «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli gutlag hatlary we telegrammalary gelip gowuşýar. Bu şanly wakalar ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkarar edýändiginiň, onuň parahatçylyk dörediji mümkinçilikleriniň barha artýandygynyň ýene bir beýany boldy. Gutlaglarda, hususan-da, daşary syýasat ulgamynda uly, oňyn tejribe toplan döwlet Baştutanymyzyň Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň öňe sürýän parahatçylykly başlangyçlaryny ilerletmek üçin yzygiderli tagalla edýändigi bellenilýär. Arkadagly Serdarymyzyň ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň deňeçer çözgütlerini işläp taýýarlamaga dahylly oňyn başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň ykrarnamasyna eýe bolýar.