Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna Täze ýyl gutlaglary
31 Dekabr 2022
Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň raýatlary döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary astynda geçjek täze, 2023-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarlar. Gutlag hatlarynda milli buýsanjymyzy artdyrýan döredijiligiň, watançylygyň we ynsanperwerligiň belent ýörelgeleri esasynda Türkmenistanyň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklere tarap ynamly öňe barýandygy nygtalýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hatlary we telegrammalary iberenler hormatly Prezidentimizi Täze ýyl baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, bagt, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň abadançylygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen köptaraply işinde egsilmez güýç-gaýrat arzuw edýärler. Ýetip gelýän Täze ýyl bilen döwlet Baştutanymyzy Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa gutladylar.