Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
12 Ýanwar 2023
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň palatalarynyň bilelikdäki maslahatyny jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda geçirmek hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana ata-babalarymyzyň parasatly wesýetlerine we asylly ýörelgelerine eýerip hem-de türkmen halkynyň döwleti dolandyrmakda toplan taryhy tejribesine daýanyp, döwletiň we jemgyýetiň durmuşyna degişli wajyp meseleleri jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda ara alyp maslahatlaşmak, Garaşsyz Watanymyzda ýetilen sepgitleri, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, milli demokratiýany ösdürmek boýunça gazanan üstünliklerimizi täze derejelere ýetirmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 801-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin: