Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Ahal welaýatynyň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgemegi bilen bagly hem-de “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 14-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynyň umumy işgär sanynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň Arkadag şäher prokuraturasy döredildi. Maliýe we ykdysadyýet ministrligine şu Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetine girizmek tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiziň adyna döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka bolan halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasynyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi hem-de degişli Konstitusion kanunlaryň kabul edilmegi, Türkmenistanyň Gahrymany, hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi we türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanuny taýdan ykrar edilmegi mynasybetli gutlag hatlary hem-de telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň bu möhüm wakasynyň halkymyzyň abadançylygynyň we Watanymyzyň gülläp ösüşiniň bähbidine täze üstünlikleriň gazanylmagyna kuwwatly itergi berjekdigi bellenilýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu şanly waka bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň rowaçlygynyň, abadançylygynyň bähbidine alyp barýan asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimizi Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň adyndan G.Mämmedowa gutlady.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Arkadag — türkmen halkynyň Milli Lideri Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidentine hat iberdi

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Arkadag — türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewe geçirilen operasiýa bilen baglylykda hat iberip, oňa tiz wagtdan sagalmagy, şeýle hem berk jan saglyk, ruhubelentlik, gujur-gaýrat arzuw etdi. (TDH)

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy hakynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Döwlet adam üçindir!» diýen ynsanperwer syýasaty üstünlikli durmuşa geçirip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň berk binýadyny tutmakda, uzak ýyllaryň dowamynda döwlet we jemgyýetçilik işinde işlemek bilen, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany hemmetaraplaýyn ösdürmekde, onuň halkara abraýyny, jemgyýetimiziň bitewüligini, halkyň agzybirligini we jebisligini berkitmekde asyrlara barabar hyzmatlary bitirendigini, türkmen halkynyň beýik sylagyna, belent sarpasyna, uly hormatyna mynasyp bolan, döwrümiziň görnükli döwlet işgäri we syýasatçysy hökmünde ykrar edilendigini, döwleti parasatly dolandyrmakda ýokary guramaçylyk ukyplaryny, başarjaňlygyň, tutanýerliligiň, ýolbaşçylyk etmegiň belent nusgasyny görkezendigini we baý tejribesini göz öňünde tutup, «Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň 3-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine, Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýana, Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komitetiniň Başlygy Li Çžanşuwa hem-de ýurduň ähli dostlukly halkyna Hytaý Täze ýyly — Bahar baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. «Bu baýram Aý senenamasy boýunça Täze ýyl baýramy bolmak bilen, tebigatyň janlanmagyny, täze başlangyçlary we mümkinçilikleri alamatlandyrýar. Kökleri taryhyň jümmüşine uzaýan bu baýram hiç wagt ähmiýetini ýitirmejek umumadamzat gymmatlyklaryny özünde jemleýär, maşgala agzybirligine, asuda we sazlaşykly ýaşaýşa ýardam berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Goý, bu baýramçylyk günleri bizi ynam, umyt hem-de hormat jebisleşdirsin!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

M.G.Baýramgulyýew hakynda Mämmet Guldurdyýewiç Baýramgulyýewi Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ş.H.Annamyradow hakynda Şöhrat Hudaýberdiýewiç Annamyradowy Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministriniň oba hojalyk önümçiligi boýunça orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko we ýurduň ähli dostlukly halkyna Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň onuň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady. Şeýle hem ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!