Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

G.K.Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny pugtalandyrmakda, döwletiň howpsuzlygyny berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlaryny we köp ýyllaryň dowamynda çeken göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewi Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi S.G.Mälikgulyýewe ýustisiýanyň geňeşçisi hünär derejesini bermek hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Polisiýanyň podpolkownigi M.A.Hydyrowa polisiýanyň polkownigi ýörite adyny dakmak hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habarlar

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, çäk bitewüligini goramaga, howpsuzlygy, jemgyýetçilik we hukuk tertibini, kanunylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary, gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi we söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, çeken halal we göreldeli zähmetini, döwletiň, jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle-de Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda” Permana gol çekdi. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Polşa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Polşa Respublikasynyň Prezidenti Anjeý Duda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Polşa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine ýurduň Ižewsk şäherindäki 88-nji mekdepde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna, şol sanda bigünä çagalaryň köpüsiniň heläk bolmagyna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini ýetirdi, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Ýurdumyzyň ähli künjeginden we daşary ýurtlardan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň raýatlary gutlag hatlarynda Türkmenistanyň bedew bady bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygyny nygtaýarlar. Ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Hatlary iberenler hormatly Prezidentimizi şanly baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bagtyýarlygynyň we rowaçlygynyň, ýurdumyzyň abadançylygynyň bähbidine ähli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin egsilmez güýç-gaýrat arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Hudaýberdiýew, A.Aşyrow, M.Gazakbaýew gutladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident, gadyrly doganym!

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň we daşary döwletleriň raýatlary iberen gutlag hatlarynda hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, halkymyzyň bähbidine alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etmek bilen, Türkmenistanyň bedew batly ösüşleriň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýandygyny belleýärler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda Watanymyzyň kuwwatly döwlete öwrülmegine gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyza söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri B.Goçmollaýew, dokma senagaty ministri R.Rejepow, oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýew, “Bagt köşgi” toý dabaralary merkeziniň baş direktory G.Mämmedowa tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdiler.