Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ö.Şyhmämmedow hakynda “Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Resmi habarlar

“Türkmenistanyň prokuraturasy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda:

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Inýasio Kassise hem-de ýurduň ähli halkyna Şweýsariýanyň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Türkmenistanyň Prezidenti şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Inýasio Kassise berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş hem-de rowaçlyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Bütindünýä tatar kongresiniň tatar halkynyň baý medeniýetini gorap saklamakda we ösdürmekde, dünýäniň ähli künjeklerinde ýaşaýan tatar halkynyň wekillerini ýakynlaşdyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini belläp, häzirki VIII gurultaýyň hem tatar halkynyň medeni däpleriniň goralyp saklanylmagyna we ösdürilmegine aýratyn goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti zähmet rugsadyna çykýar

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň 8-nji iýulynda Ministrler Kabinetiniň geçen alty aýda alnyp barlan işleriň jemlerine bagyşlanyp geçirilen giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümine 1-nji awgustdan 1-nji sentýabr aralygynda dynç almaga rugsat berilýändigini yglan etdi. Olar zähmet rugsadynda Awazada, «Arçmanda», «Ýyly suwda» ýa-da ýurdumyzyň beýleki şypahanalarynda dynç alyp bilerler. Döwlet Baştutanymyz hem şu döwürde zähmet rugsadynda bolar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowa we ähli tatar halkyna Bütindünýä tatar kongresiniň döredilmeginiň 30 ýyllygy hem-de onuň VIII gurultaýynyň öz işine üstünlikli başlamagy mynasybetli gutlaglaryny iberdi. “Russiýanyň dürli sebitlerinde we dünýäniň köp ýurtlarynda ýaşaýan tatar halkynyň wekilleriniň köp sanly jemgyýetçilik guramalaryny birleşdirýän Bütindünýä tatar kongresi geçen döwrüň dowamynda uly üstünlikleri gazandy. Ol tatar halkynyň baý hem-de özboluşly medeniýetini gorap saklamakda we ýaýratmakda, Tatarystanyň milli medeni ösüşinde — diliň, ylmyň, bilimiň ösdürilmeginde bahasyna ýetip bolmajak ähmiýete eýedir” diýlip, gutlagda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Watan harmanyna 1 million 500 müň tonna golaý bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren zähmetsöýer gallaçy daýhanlarymyzyň uly zähmet ýeňşi mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda gazanylan bu ýeňşiň döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek, şol sanda içerki bazaryň isleglerini ýurdumyzda öndürilen bugdaý bilen doly kanagatlandyrmak boýunça öňde goýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasydygy nygtalýar. Mundan başga-da, hormatly Prezidentimiziň adyna ýene bir möhüm waka — ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli gutlaglar gelip gowuşýar. Bu waka Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da belende galýandygynyň, dünýä bileleşiginiň ýurdumyzyň daşary syýasy başlangyçlaryny giňden goldaýandygynyň subutnamasydyr. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar hem-de berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

B.H.Goçmollaýew hakynda Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýewi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesine belläp, ony Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Ý.D.Nuryýew hakynda Ýagmyr Döwletmyradowiç Nuryýewi, başga işe geçmegi sebäpli, «Diýar» žurnalynyň baş redaktory wezipesinden boşatmaly.