Bildirişler

Resmi habarlar

Türkmenistanyň medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda ýetilen sepgitleri giňden mahabatlandyrmak, medeniýet we syýahatçylyk ulgamynda bolup geçýän täzelikleri we habarlary ilat köpçüligine ýokary derejede ýetirmek hem-de bu babatda maglumatlary bermegiň usulyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Medeniýet ministrligine “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallaryny goşup, olaryň binýadynda hojalyk hasaplaşygy esasynda işleýän “Medeniýet we syýahat” žurnalyny ýuridik şahs hökmünde bellenen tertipde döretmek hem-de şu žurnalyň 2022-nji ýylyň ýanwar aýyndan başlap, çärýekde bir gezek türkmen, iňlis we rus dillerinde neşir edilmegini üpjün etmek tabşyryldy. Şeýle hem resminama laýyklykda, “Medeniýet we syýahat” žurnaly “Medeniýet” we “Syýahat” žurnallarynyň hukuk oruntutary diýip kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Kemerowo oblastynyň “Listwýažnaýa” şahtasynda bolup geçen pajygaly hadysanyň adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny ýollady. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda çykaran 1515-nji Buýrugyna laýyklykda, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda baglaşylan Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda garyşyk mineral dökünlerini öndürýän önümhananyň gurluşygyny maliýeleşdirmek hakyndaky Karz ylalaşygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna ýokarda agzalan ylalaşygyň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi. Şeýle hem resminama bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernine Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen degişli içerki Karz ylalaşygyny baglaşmak tabşyryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

«Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny berkitmekde, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işinde uly üstünlikleri gazanandyklary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken yhlasly we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Bitarap döwletimiziň beýik Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy we Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Hasyl toýy mynasybetli Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde gazanan uly üstünlikleri we ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Hasyl toýy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere gatnaşyjylaryň we oba hojalyk işgärleriniň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli eziz Diýarymyzyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna hem-de halkyna iberen çuň manyly, mähirli Gutlagyňyz üçin, oba hojalyk işgärleriniň adyndan Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, beýik işleriňiziň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna

Eziz watandaşlar! Edermen daýhanlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Hasyl toýy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu baýramyň türkmen topragynyň sahawatlylygyny we ata-babalarymyzyň gadymy ekerançylyk däplerini mynasyp dowam edýän halkymyzyň zähmetsöýerligini alamatlandyrýandygyny belleýärler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini netijeli we oýlanyşykly ulanmaga, obasenagat toplumyna öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga, oba hojalygyna hususy haryt öndürijileri giňden çekmäge, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli önümleriň önümçiliginiň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Hatlary we telegrammalary iberenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan tutumly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Türkmenistanyň belent mertebeli Prezidenti! «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň gazananlaryna bagyşlanan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan bu halkara maslahatyň ýurdumyzda ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi babatda döredip beren ähli mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriňiziň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.