Bildirişler

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de bu ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Milli Liderimiz Gutlagynda Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtap, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belledi hem-de bu gatnaşyklaryň syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara

Hormatly sergä gatnaşyjylar! Gadyrly myhmanlar!

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar edýärin:

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda çykaran 873-nji belgili Permanyny ýerine ýetirmek üçin, Türkmenistanyň goranmak ministrine, Türkmenistanyň içeri işler ministrine, Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministrine, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygyna, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygyna Kanunda bellenen möhletlerde gulluk eden harby gullukçylary harby gullukdan boşatmagy meýilnamalara laýyklykda dabaraly ýagdaýda geçirmek, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlananlary höweslendirmek tabşyryldy. * * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary

“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Premýer-ministrine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Premýer-ministri Boris Jonsona ejesi — hanym Şarlotta Jonson Walyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç hatyny ýollady. “Şu agyr pursatda Size ruhy durnuklylyk diläp, maşgala agzalaryňyza ýürekden gynanjymy we medet beriji sözlerimi ýetirmegiňizi haýyş edýärin” diýlip, döwlet Baştutanymyzyň hatynda bellenilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti! Türkmenistanyň gurluşyk, senagat we energetika toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan Gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleriniň güni mynasybetli iberen mähirli Gutlag sözüňiz üçin Size köp sagbolsun aýtmaga rugsat etmegiňizi Sizden uly hormat bilen haýyş edýäris.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärlerine

Hormatly gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy işgärleri! Eziz watandaşlar!

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ähli täjik halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz Gutlagynda Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde syýasy, ykdysady hem-de durmuş ugurlarynda gazanan üstünlikleriniň guwandyryjydygyny, şu döwrüň içinde ýurduň döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazanandygyny belleýär.