Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ylym we tehnologiýalar boýunça ikinji sammitinde eden çykyşy

(2021-nji ýylyň 16-njy iýuny) Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hormatly jenap Baş sekretary doktor Ýusuf Bin Ahmad al-Usaýmin!

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň, serkerdeleriniň we professor-mugallymlarynyň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz! Hormatly Belent Serkerdebaşymyz!

Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň hem-de «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidenti! Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Bu ajaýyp baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de «Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi» atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen çuň many-mazmunly Gutlagyňyz, goldaw-hemaýatlaryňyz üçin çäksiz sagbolsun aýdýarys. Siziň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, dünýäde parahatçylyk, dost-doganlyk, hoşniýetlilik ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy ugrundaky ynsanperwer başlangyçlaryňyzyň, ýurduň ylym ulgamyny kämilleşdirmäge, jemgyýetiň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga hem-de köptaraply halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen döwlet syýasatyňyzyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Sizi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda uly dabaralara beslenip, döwlet derejesinde giňden bellenilýän Ylymlar güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.

Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň, Türkmenistanyň Serhet institutynyň, Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk institutynyň, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň we Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby-lukmançylyk fakultetiniň uçurymlaryna, serkerdelerine we professor-mugallymlaryna

Mähriban uçurymlar! Sizi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygyny, döwlet özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny, ýurdumyzyň howpsuzlygyny, jemgyýetçilik asudalygyny, milli kanunçylygymyzy ygtybarly goramagy üpjün etmek üçin ýokary serkerdeler düzümini we işgärleri taýýarlaýan Harby akademiýany hem-de ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlaýan ýokary okuw mekdeplerini üstünlikli tamamlamagyňyz, ýokary hünär bilimine, ilkinji serkerdelik derejesine eýe bolmagyňyz, zähmet ýoluna we gulluga gadam basmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijilerine

Mähriban ýaşlar! Hormatly talyplar!

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligine hem-de “Ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalaryň ösüşi” atly halkara ylmy maslahata gatnaşyjylara Gutlag hatyny iberdi

Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagynda halkara ylmy maslahata dünýäniň abraýly ylym we bilim merkezleriniň alymlarynyň, professor-mugallymlarynyň, inžener-tehnologlarynyň gatnaşmagynyň biziň alyp barýan ylmy-tehniki syýasatymyza halkara jemgyýetçilik tarapyndan uly gyzyklanmanyň barha artýandygyna hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçilikleriň açylýandygyna aýdyň şaýatlyk edýändigi bellenilýär. Häzirki zaman bilimleriniň we ylymlarynyň dünýäniň ykdysady, medeni, innowasion ösüşlerine gönükdirilmegi parahatçylykly, dostlukly, hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmagyň örän möhüm şerti bolup durýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýaşlarymyzyň ylymly, bilimli nesiller bolup ýetişmegi we häzirki zaman ylmynyň gazananlaryna mynasyp goşant goşmagy üçin ähli şertler döredilýär. Eziz Diýarymyzyň röwşen geljegi üçin ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly, hünärine ussat, başarnykly ýaşlary kemala getirmek biziň baş maksatlarymyzyň biridir. «Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşik geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2015-nji ýylyň 6-njy fewralynda çykaran 14109-njy Kararyna laýyklykda, ata Watanymyzyň zehinli ýaşlaryny ylymda, bilimde hem-de täze tehnologiýalar boýunça has ähmiýetli we tutumly işlere höweslendirmek maksady bilen, şeýle hem Ylymlar güni mynasybetli, karar edýärin:

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

Ýurdumyzda 12-nji iýunda bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda milli Liderimiziň baştutanlygynda Türkmenistanda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylmy işler, ylmy barlaglary giňden alyp barmak, olaryň netijelerini önümçilige ornaşdyrmak üçin örän oňaýly şertleriň döredilýändigi nygtalýar. Bularyň ählisi ýurdumyzyň ykdysady ösüşinde täze sepgitlere ýetmäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy. (TDH).