Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly jenap Prezident!

Türkmenistanyň Prezidenti Maldiwler Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Maldiwler Respublikasynyň Prezidenti Ibragim Mohamed Solihe we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Maldiwler Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlagyny, iň oňat arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Marokko Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady. Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga hem-de özara ynanyşmaga daýanýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, şeýle-de bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarynyň we telegrammalaryň gelip gowuşmagy dowam edýär. Olarda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda döwlet we jemgyýet durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly üstünlikleriň gazanylýandygy nygtalýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, raýatlaryň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek boýunça giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Hatlarda döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň, rowaçlygynyň bähbidine ägirt uly maksatnamalary mundan beýläk-de üstünlikli durmuşa geçirmek üçin egsilmez güýç-gaýrat arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny senagat we gurluşyk önümçiligi ministri B.Annamämmedow, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy N.Nyýazlyýew, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Genjiýew, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň işgärleriniň adyndan Ý.Nuryýew iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Argentina Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Argentina Respublikasynyň Prezidenti Alberto Fernandese hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň oňat arzuwlaryny ýollady. “Biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga we ikitaraplaýyn ynanyşmaga daýanýar” diýip, döwlet Baştutanymyz Gutlagynda belledi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini nygtap, bilelikdäki tagallalar netijesinde ýurdumyzyň hyzmatdaşlygynyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna ýurduňyzyň Garaşsyzlygynyň şanly senesiniň öňüsyrasynda, şeýle-de ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Resmi habarlar

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle-de belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginden we daşary ýurtlardan gutlag hatlarynyň gelip gowuşmagy dowam edýär. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy doglan güni bilen mähirli gutlaýarlar hem-de tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez güýç-gaýrat, türkmen halkynyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň bähbidine bellenen ähli meýilnamalary, maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda alyp barýan işlerinde rowaçlyk arzuw edýärler. Hormatly Prezidentimize döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow, “Türkmennebit” döwlet konserniniň başlygy G.Agajanow, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy B.Çaryýew, Söwda-senagat edarasynyň başlygy D.Rejepow, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň başlygy O.Işangulyýewa, “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory A.Berdiýew gutlag hatlaryny iberdiler.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Serdar Berdimuhamedowa Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hemişe ösdürilýän doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip nygtap, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.