Bildirişler

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin Daşoguz şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 32 öýli 4 sany hem-de 4 gatly, 24 öýli 8 sany ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, olary ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça bäsleşik yglan edýär Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Gyýanly obasynda işlemek üçin hünärmen (maliýe amallary boýunça işlemek). Bildirilýän talaplar:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №38 — Halkara Saglyk merkezleri müdiriýetiniň lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny, lukmançylyk sarp ediş serişdelerini hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Lot №39 — Saglygy goraýyş ätiýaçlandyryşy boýunça derman serişdelerini satyn almak. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bäsleşik toparynyň adyndan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy üçin potratçyny seçip almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar: — gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň 3, 4, 13, 14, 28, 34, 39, 43, 44 we 55-nji hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň 45, 48, 54, 55, 56-njy orta mekdepleriniň ýylylyk ulgamlarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary saýlamak boýunça bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 2. Ministrligiň elektron kommunikasiýa ulgamlaryny kibergorag bilen üpjün etmek üçin zerur enjamlary satyn almak.

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar

Aşgabat şäherinde işlemek üçin bölüm kömekçisi (zähmete hak tölemek we goşmaça haklar boýunça işlemek). Bildirilýän talaplar:

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Altyn asyr» daýhan birleşiginiň çäginde Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolunyň 44-nji kilometrliginiň gündogarynda ýerleşýän meýdany 200 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamynyň taslamasyny düzmek, ony enjamlaşdyryp gurnamak we ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak şerti bilen açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary Döwlet ösüş bankyndan iş günleri sagat 9:00-dan 17:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Aşgabat şäher häkimligi bäsleşik yglan edýär

Aşgabat şäher häkimligi Jemagat hojalygy müdirliginiň «Aşgabatagyzsuw» birleşiginiň garamagyndaky agyz suw desgalarynda agyz suwuny öndürmekde hem-de sarp edijileri arassa agyz suwy bilen üpjün etmekde ulanylýan gipohlorit natriý (NaOCI) erginini satyn almak boýunça potratçylary saýlap almak üçin bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşjaklaryň ýüztutmalary 2022-nji ýylyň 28-nji maýyna çenli kabul edilýär. Töleg hasaplaşygy işler ýerine ýetirilenden soň geçirilýär.