Bildirişler

«Eni Turkmenistan LImited» kompaniýasy № 10094995 — Guýularyň karotažlaryna hyzmat etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2022-nji ýylyň 15-nji apreline, sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: bahar.nuriyeva@eni.tm we karamat.Reimbayeva.@eni.tm) ibermelidir.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurmak boýunça potratçyny saýlap almak maksady bilen, bäsleşik yglan edýär

Ähli gyzyklanýan ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçiler tassyklanylan tehniki tabşyrygy almak üçin Bilim ministrligine ýüz tutmaly we öz tekliplerini 2022-nji ýylyň 1-nji apreline, sagat 18:00-a çenli ibermeli. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 104-nji jaýy.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 19 — Lukmançylyk enjamlaryny hem-de serişdelerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Lot № 1 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin kislorod ballonlaryny satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habar çap edilen gününden başlap, 10 (on) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10101283 — Himiýa önümleri bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2022-nji ýylyň 23-nji martyna, sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: Toyly.Geldinazarov@eni.сom we Sdouga.Moez@eni.сom we Reimbayeva.Karamat@eni.com) ibermelidir.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda Bitarap Türkmenistan şaýolunyň Galkynyş köçesi bilen Atamyrat Nyýazow şaýolunyň aralygyndaky böleginiň suw çüwdürimleri bilen bilelikde durkuny täzelemek boýunça bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 10-njy martyna çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 13 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin lukmançylyk harytlaryny satyn almak. Lot № 14 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 2. Ministrligiň elektron kommunikasiýa ulgamlaryny kibergorag bilen üpjün etmek üçin zerur enjamlary satyn almak.

Daşoguz welaýat häkimligi Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän Daşoguz şäheriniň çägindäki jemagat ýaşaýyş jaýlarynyň ýylylyk we inženerçilik ulgamlarynyň düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmagynda paýtagtymyzda 4 000 orunlyk köpugurly medeni merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar şu bildirişiň gazetde çap edilen gününden başlap, 2022-nji ýylyň 31-nji martyna çenli kabul edilýär. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.