Bildirişler

Türkmenistanyň Prezidenti Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Prezidenti Nikolas Madura we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Hormatly Prezidentimiz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Nikolas Madura tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Wenesuelanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň ähli halkyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky birek-birege hormat goýmak, düşünişmek hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydygyny beýan etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Belarus Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky özara düşünişmek, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň iki halkyň nurana geljeginiň bähbidine mundan beýläk-de yzygiderli ösdüriljekdigini aýratyn belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bökdençsiz üpjün etmek, ýurdumyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy ýola goýmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Energetika ministrliginiň “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasyna Türkiýe Respublikasynyň “Çalik Enerji Sanayi ve Ticaret A.Ş.” kompaniýasy bilen Balkan welaýatynyň Serdar etrabynda kuwwatlylygy 10 megawat bolan köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasynyň taslamasyny düzmek we ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada şertnamany, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamlaryny we desgalaryny gurmak, umumy ulgama birleşdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde, “Serdar” elektrik bekedinden köpugurly Gün we ýel elektrik stansiýasyna çenli elektrik geçirijisini gurmak üçin enjamlary hem-de materiallary satyn almak barada şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň iýul aýynda başlamak we elektrik stansiýasyny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Filippinler Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow jenap Ferdinand Romualdes Markosa Filippinler Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ferdinand Romualdes Markosa tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, Filippinler Respublikasynyň ösüşiniň we abadançylygynyň bähbidine ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Kanadanyň General-gubernatoryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Kanadanyň General-gubernatory Meri Saýmona we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Kanadanyň güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu mümkinçilikden peýdalanyp, hanym Meri Saýmona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk, Kanadanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Goşulyşmazlyk Hereketiniň Parlament torunyň duşuşygyna — “Ählumumy parahatçylyga we durnukly ösüşe ýardam etmekde milli parlamentleriň ornuny ýokarlandyrmak” atly maslahata hem-de onuň çäklerinde geçiriljek çärelere we duşuşyklara gatnaşmak üçin, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekiliýetiniň agzalaryna 2022-nji ýylyň 30-njy iýunynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherine gulluk iş saparyna gitmäge rugsat berildi. (TDH)

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

Çuňňur hormatlanylýan belent mertebeli Prezidentimiz! Berkarar döwletimizde «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Mary welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylar bolan biz, milli medeniýetiň bu uly toýunyň şatlyk-şowhunly, guramaçylykly geçirilendigi üçin Size alkyşlar aýdýarys.

Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym-bilim we şäher gurluşygy ulgamynda ikitaraplaýyn meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem işewürler maslahatyny, duşuşyklary we gepleşikleri geçirmek üçin ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 27-nji iýuny 1-nji iýuly aralygynda Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Hanoý şäherinde gulluk iş saparynda bolar. * * *

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlarydyr telegrammalar gelip gowuşýar. Olarda Türkmenistanda dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolan taryhy-medeni ýadygärlikleri gorap saklamak hem-de öwrenmek, türkmen halkynyň baý ruhy we maddy mirasyny, däp-dessurlaryny wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigi nygtalýar. Gutlaglary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly baýramçylyk bilen mähirli gutlaýarlar hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.