Bildirişler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 64 — Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň saglygy goraýyş edaralary üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de lukmançylyk serişdelerini satyn almak. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

«Türkmenhimiýa» döwlet konserni, bäsleşik toparynyň adyndan Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Gyýanly şäherçesindäki ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygy üçin potratçyny seçip almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar: — gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, rekwizitlerini görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça arza bermek;

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10106888 — «Caterpillar C32» dizel generatoryny ätiýaçlyk şaýlary bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2022-nji ýylyň 10-njy noýabryna, sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: aleksey.butenko@eni.com we viktoriya.nurberdiyeva@eni.com) ibermelidir.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün etmek maksady bilen maýa goýujylary saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 559. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek işinde peýdalanylýan häzirki zaman enjamlaryny, serişdeleri satyn almak we gurnamak üçin ýerli maýa goýujyny saýlap almak. Satyn alyjy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi.

«PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça ökde hünärli dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanly obasynda işlemek üçin tehnik (barlaghana üçin). Bildirilýän talaplar:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşikleriň möhletini uzaldýar

Lot № 14 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak. Lot № 15 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

Hormatly işewürler!

Türkmenistanyň «Daýhanbank» döwlet täjirçilik banky sizi hasaplaryňyzy döwrebap we ýönekeý usulda dolandyrmaga mümkinçilik berýän «Menzilara bank hyzmaty» ulgamyndan peýdalanmaga çagyrýar Bu hyzmat ulgamy size ýurdumyzyň islendik künjeginden internete birikdirilen enjam arkaly tölegleriňizi geçirmäge, hasaplaryňyzyň galyndysyny barlamaga we olaryň göçürmesini almaga, karzlaryň, depozitleriň töleg tertibini görmäge hem mümkinçilik berer. Şeýle-de özbaşdak karz serişdelerine gözegçilik edip, bank bilen onlaýn tertipde habarlaşyp hem-de dürli görnüşli bank amallaryny ýerine ýetirip bilersiňiz.

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bank kart ulgamynda «MasterCard» halkara töleg ulgamynyň galtaşykly (EMV) we galtaşyksyz hyzmatlaryny synag etmek hem-de sertifikatlaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli resminamalary bankyň merkezi edarasyndan her gün sagat 9:30-dan 17:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 2,13 kub metr bolan «Ýaşyl depe» suw göteriji bekedini, onuň suw sorujy we basyşly suw geçirijilerini gurmak, gerek bolan suw göterijileri we elektrik hereketlendirijileri gurnamak hem-de elektrik bekediniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 22-nji noýabryna çenli kabul edilýär.

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 4,15 kub metr bolan 1-nji we 2-nji «Gowşut» suw göteriji bekedini, onuň suw sorujy we basyşly suw geçirijilerini gurmak, olar üçin gerek bolan suw göterijileri we elektrik hereketlendirijileri gurnamak hem-de elektrik bekediniň çykyş öýjükleriniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşik yglan edýär Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2022-nji ýylyň 22-nji noýabryna çenli kabul edilýär.