Bildirişler

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşikleriň möhletini uzaldýar

Lot № 14 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak. Lot № 15 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralaryň alyp barýan işlerini awtomatlaşdyrmak hem-de goşmaça zerur enjamlary, şeýle-de programma üpjünçiligini satyn almak we ornaşdyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde arza bermeli we degişli resminamalary almaly. Bäsleşik boýunça teklipler iki bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar bolmaly we şol işleri ýerine ýetirmek üçin maliýeleşdirmegi milli manatda göz öňünde tutmaly.

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugy garamagyndaky edaralaryň barlaghanalaryna synag maksatlary üçin zerur bolan, dolanyşygy çäklendirilen himiki serişdeleri satyn almak boýunça halkara bäsleşik yglan edýär

Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazmaça görnüşde arza bermeli we degişli resminamalary almaly. Bäsleşik boýunça teklipler iki bukjada berilmeli. Birinji bukjada doly tehniki häsiýetler, ikinji bukjada teklip edilýän bahalar görkezilmeli.

Aşgabat şäher häkimligi şäheriň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrundaky 28 sany eskalatorda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek üçin potratçylary saýlap-seçip almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini 2022-nji ýylyň 2-nji sentýabryna çenli uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 17-nji jaýy.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 9. Gullugyň degişli desgalary üçin serişdeleri satyn almak.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 469. Şäheriň A.Nyýazow şaýoly, B.Hudaýnazarow, 2024-nji (Amyderýa), 2015-nji (Hoja Ahmet Ýasawy) köçeleri bilen çäklendirilen ýer böleginde seýilgäh zolagyny döretmek hem-de bu zolagyň gurluşyk-gurnama işleri üçin harytlary we enjamlary satyn almak.

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10106721 ýokary basyşly suw sorujysy (toplumda) bilen üpjün etmek we ulanyşa tabşyrmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabryna sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: Vepa.Nepesov@eni.сom we Karamat.Reimbayeva@eni.сom ibermelidir.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotda görkezilen harytlary satyn almak boýunça balkara bäsleşik yglan edýär

Lot № 56 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigi üçin halkara talaplara laýyk gelýän lukmançylyk maksatly harytlary satyn almak. Bäsleşige gatnaşmak üçin ýazuw görnüşindäki arzany tabşyryp, bäsleşik resminamalarynyň toplumyny almaly.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Lot № 57 — Mary welaýat Köpugurly hassahanasy üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak. Lot № 58 — Mary welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi üçin lukmançylyk enjamlaryny hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak.

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy № 10104956 — Işgärler we hasaplaşyk bölümleri üçin programma üpjünçiligini bermek we oňa hyzmat etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Bäsleşigiň möhleti 2022-nji ýylyň 15-nji awgustyna, sagat 17:00-a çenli. Ähli gyzyklanma bildirýän kompaniýalar bäsleşige gatnaşmaga resmi çakylygy almak üçin arzalaryny şertnama we üpjünçilik bölüminiň satyn alyjy hünärmeniniň adyna (elektron salgysy: viktoriya.nurberdiyeva@eni.com we karamat.reimbayeva@eni.com) ibermelidir.