Bildirişler

«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Ahaldaky gazdan benzin öndürýän zawody Aşgabat şäheriniň günorta-günbatarynda Magtymguly Pyragynyň täze gurulýan ýadygärliginiň ýanynda ekilen 1600 (bir müň alty ýüz) düýp köpýyllyk bag nahallaryna ideg etmek boýunça bäsleşik yglan edýär

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 92-42-91, 861-19-63-67.

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Lot № 7 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak. Lot № 8 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Owadandepe geňeşliginiň täze saglyk öýi üçin lukmançylyk enjamlaryny we saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak.

«Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasy aşakdaky hünär boýunça dalaşgärleri işe çagyrýar:

Gyýanlyda işlemek üçin zähmetiň howpsuzlygy boýunça hünärmen Ähli dalaşgärler özleri barada doly maglumatlary we aşakdaky bentlere degişli resminamalary bermelidir:

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Aşgabat şäheriniň Köpetdag şaýolunyň demirgazyk tarapynda «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň aýlawly çapuw ýodasynyň daş-töwereginden bölünip berlen 309,83 gektar ýer böleginde ekilen bag nahallaryny suwarmak üçin damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurmak boýunça potratçyny saýlap almak maksady bilen öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Ähli gyzyklanýan ýerli guramalar, kärhanalar we telekeçiler tassyklanylan tehniki tabşyrygy almak üçin Bilim ministrligine ýüz tutup bilerler we öz tekliplerini 2021-nji ýylyň 10-njy dekabryna, sagat 18:00-a çenli iberip bilerler. Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 104-nji jaýy.

Aşgabat şäher häkimligi Gämi şäherçesiniň demirgazyk tarapynda ýerleşýän suw arassalaýjy desgadan şäheriň 11-nji kiçi etrapçasynyň günorta-gündogarynda ýerleşýän «Gündogar» ätiýaçlyk suw howuzlar toplumyna çenli suw geçiriji ulgamy gurmak üçin potratçyny saýlap almak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 6-njy dekabryna çenli kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.

Aşgabat şäher häkimligi Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumyny abadanlaşdyrmak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşyjylaryň ýüztutmalary 2021-nji ýylyň 8-nji dekabryna çenli kabul edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary şäher häkimliginden alyp bilersiňiz.

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik

1. LOT № 315. Türkmenistanyň Ýokary attestasiýa komitetine birinji tapgyrda göz öňünde tutulan kompýuter tehnikalary we häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan serwerler bilen üpjünçilik awtomatlaşdyrylan bellige alyş ulgamy hem-de edaralaryň işiniň onuň bilen gurşalyşyny üpjün etmek, elektron resminama dolanyşyk ulgamyny ornaşdyrmak we ýerli korporatiw tor ulgamyny döretmek üçin harytlary, enjamlary gurnap bermek.

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Daşoguz şäherindäki «Serdar» pagta egirme fabriginde bölekleýin enjamlaşdyryş işlerini geçirmek boýunça öň yglan edilen halkara bäsleşigiň möhletini uzaldýar

Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde nah ýüplük önümçiliginiň tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar. Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi güýjenmesi 110/35/6 kW bolan elektrik bekedini gurnamak üçin esasy enjamlary we materiallary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Degişli rugsatnamasy bolan, bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýuridik taraplar, hususy telekeçiler ýazmaça arza bermeli we bäsleşige degişli resminamalary almaly. Arza tabşyrylanda, pul serişdelerini geçirmek üçin hasap berilýär. Degişli bäsleşik resminamalaryny şu habar gazetde çap edilen gününden başlap, 15 iş gününiň dowamynda alyp bilerler.

«Eni Türkmenistan Limited» kompaniýasy çig nebiti satmak boýunça bäsleşik yglan edýär

Arzalar (anketalar) 2021-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli kabul edilýär. Gyzyklanma bildirýän kompaniýalar resmi arzalaryny (anketalaryny) şu elektron salgysy boýunça ugradyp bilerler: etl.oilsales@eni.tm göçürmesini ýerleşdirmek üçin: Javier.diaz@eni.com