Hormatly ýolagçylar!

22 Oktýabr 2020

84

«Türkmenawtoulaglary» agentligi ilatymyzyň awtomobil gatnawlaryna bolan isleglerini talabalaýyk kanagatlandyrmak hem-de ýerine ýetirilýän awtoulag hyzmatlarynyň ýokary hilli we medeniýetli bolmagyny gazanmak maksady bilen, 2020-nji ýylyň 26-njy oktýabryndan 45-nji «Teke bazar — Gökdere» ugry boýunça gatnaýan awtobusyň hereket edýän ugruna üýtgetmeleriň girizilýändigini siziň dykgatyňyza ýetirýär.

45-nji «Teke bazar — Gökdere» ugry «Gurtly — Gökdere» ugruna üýtgedilýär, şeýle hem bu ugur boýunça awtobus «Gurtly» belleniş nokadyndan ugraýar hem-de Ruhabat köçesi — Gurbansoltan eje şaýoly — A.Annaýew köçesi — Magtymguly şaýoly — Tähran — Görogly köçeleri — Akdepe harby şäherçesi — Görogly köçesi bilen hereket edip, «Gökdere bazary» nokadyna barýar we yzyna Görogly — Tähran — A.Annaýew köçeleri — Gurbansoltan eje şaýoly — Ruhabat köçesi bilen hereket edip, «Gurtly» belleniş nokadyna gelýär.

Beýleki bildirişler