Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

13 Oktýabr 2020

90

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli köp sanly gutlaglaryň gelmegi dowam edýär.

Hatlarda we telegrammalarda saglygy goraýyş ulgamynda bu gün ýetilen belent sepgitleriň döwlet Baştutanymyzyň öňe süren «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesidigi nygtalýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda ýokary tehnologiýaly döwrebap bejeriş-anyklaýyş merkezleri, klinikalar we saglyk öýleri guruldy hem-de gurulmagy dowam etdirilýär. Şolarda ilata lukmançylyk hyzmatynyň giň görnüşleri hödürlenilýär.

Beýleki bildirişler