Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy

13 Oktýabr 2020

184

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe saglygy goraýyş edaralarynyň «Tiz kömek» awtoulaglary bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak we ilatymyza edilýän tiz lukmançylyk kömeginiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ätiýaçlyk gorundan 1 sany “UAZ 39629-016” kysymly tiz kömek awtoulagyny Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hasabyna bellenen tertipde muzdsuz bermek tabşyryldy.

(TDH).

Beýleki bildirişler