Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

19 Noýabr 2022

233

Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamak hakynda

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda syýasy, ykdysady we medeni gatnaşyklary ösdürmekde gazanan uly üstünlikleri üçin, şeýle hem türkmen we türk halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Mustafa Şentopy Türkmenistanyň «Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin» diýen ordeni bilen sylaglamaly.