Türkmenistanyň Prezidenti Latwiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

18 Noýabr 2022

34

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti Egils Lewitse we ýurduň ähli halkyna Latwiýa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Egils Lewitse berk jan saglyk, rowaçlyk, Latwiýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de abadançylyk arzuw etdi.