Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç hatyny iberdi

15 Noýabr 2022

40

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana gynanç hatyny iberdi. Onda Stambul şäheriniň merkezinde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we köp sanly şikes ýetmelere getirendigi baradaky pajygaly habaryň gynanç duýgulary bilen kabul edilendigi bellenilýär.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň adyndan we hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.