Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bank kart ulgamynda «MasterCard» halkara töleg ulgamynyň galtaşykly (EMV) we galtaşyksyz hyzmatlaryny synag etmek hem-de sertifikatlaşdyrmak işlerini geçirmek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär
Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli resminamalary bankyň merkezi edarasyndan her gün sagat 9:30-dan 17:00-a çenli alyp bilerler. Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.