Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystany Patyşalygynyň ýolbaşçylaryny gutlady

23 Sentýabr 2022

18

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystanynyň Patyşasy Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri Salman ben Abdelaziz Al Sauda we Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Sauda, şeýle-de ýurduň ähli halkyna Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Hormatly Prezidentimiz hatynda: “Biz Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasyndaky hemişe ösdürilýän doganlyk gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip nygtap, syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine pugta ynam bildirdi.