Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

23 Sentýabr 2022

13

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna doglan güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, diplomatlar, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň raýatlary gutlag hatlarynda döredijilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýan ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüşiň täze sepgitlerine tarap ynamly barýandygyny belleýärler. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda ata Watanymyzy kuwwatly döwlete öwürmäge gönükdirilen maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gutlaglary iberenler hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen gutlap, tüýs ýürekden berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, halkymyzyň nurana geljeginiň bähbidine köptaraply işinde uly üstünlikleri arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimizi doglan güni bilen medeniýet ulgamynyň işgärleriniň adyndan M.Mämmedowa, A.Şamyradow, A.Aşyrow, A.Hudaýberdiýew, M.Gazakbaýew gutladylar.