Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi ulag we kommunikasiýa pudagynyň işgärleri üçin Daşoguz şäherinde ähli amatlyklary bolan 4 gatly, 32 öýli 4 sany hem-de 4 gatly, 24 öýli 8 sany ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, olaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak boýunça bäsleşigiň möhletini uzaldýar
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.