Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugy

27 Maý 2022

128

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Daşoguz welaýatynda suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suw serişdelerini tygşytly peýdalanmak, goşmaça gorlary döretmek we pudagyň desgalaryny netijeli ulanmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi gowşadandygy üçin, Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň başlygy Baýjanow Güýzgeldä berk käýinç yglan edildi.

(TDH)

Beýleki bildirişler