Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
«Ak şäherim Aşgabat» atly XXI köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara iberen çuňňur many-mazmunly Gutlagyňyz hem-de bu halkara ähmiýetli çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döreden ajaýyp mümkinçiligiňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Türkmen paýtagtynda Siziň ak pata bermegiňiz bilen ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen halkara serginiň ýurt möçberinde dabaralara beslenýän ajaýyp baýram — Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşykly geçirilmegi onuň ähmiýetini has-da artdyrdy. Siziň bimöçber aladalaryňyz netijesinde ýokary derejede guralan sergi şähergurluşyk maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gazanylan üstünlikleri we geljekki meýilnamalary hemmetaraplaýyn açyp görkezdi.