Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

23 Maý 2022

29

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kabul edilmeginiň hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary gelip gowuşýar. Hatlarda we telegrammalarda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Döwlet tugunyň ýurdumyzyň şöhratly taryhyny, bagtyýar şu gününi hem-de nurana geljegini alamatlandyrýandygy, halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň mizemezligini tassyklaýan milli baýlygymyzdygy bellenilýär.

Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ata Watanymyzyň we halkymyzyň bähbidine ähli başlangyçlarynda üstünlikleri arzuw edýärler.

Beýleki bildirişler