Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlaglar

6 Ýanwar 2022

88

Köp sanly hatlary we telegrammalary iberenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýarlar. Hatlarda ata Watanymyzyň geçen ýylda halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlarynda we halkara giňişlikde üstünliklerini has-da artdyrandygy bellenilýär. Hatlary we telegrammalary iberenler döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak we bagtyýar durmuş, mähriban halkymyzyň röwşen geljeginiň bähbidine uly üstünlikler arzuw edip, «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän 2022-nji ýylyň hem döretmegiň we ösüşiň ýolunda täze üstünliklere beslenjekdigine ynam bildirdiler.

Hormatly Prezidentimize iň gowy arzuwlaryny Türkmenistanyň Saud Arabystany Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi O.Çaryýew, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Garajaýew, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan şäheri) Baş konsuly A.Baýramow, Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäheri) konsuly G.Garaýew, Türkmenistanyň Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Frankfurt şäherindäki konsuly O.Annabaýew, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki Baş konsuly M.Seýitmämmedow, Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherindäki Baş konsuly Y.Amanow, Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasynyň Maşat şäherindäki Baş konsuly Y.Gaýypow, Türkmenistanyň Owganystandaky (Mazari-Şerif şäheri) Baş konsuly B.Kabaýew, Türkmenistanyň Owganystandaky (Hyrat şäheri) Baş konsuly A.Goçmyradow, Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherindäki konsuly M.Öwezow ýolladylar.

Beýleki bildirişler