Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Täze ýyl mynasybetli gutlaglar

5 Ýanwar 2022

70

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Täze ýyl mynasybetli gutlag hatlarynyň gelmegi dowam edýär. Hatlary we telegrammalary iberenler geçen ýylda döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda, halkara giňişlikde Watanymyzyň ýeten sepgitleriniň ýylýazgysynyň üstüniň täze üstünlikler bilen doldurylandygyny belleýärler.

Olar gazanylan ösüşleriň ählisiniň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ýadawsyz işleri hem-de tükeniksiz gujur-gaýraty netijesinde mümkin bolandygyny nygtap, “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçýän 2022-nji ýylda hem ýurdumyzyň öz milli Lideriniň parasatly baştutanlygynda Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň abadançylyk derejesini has-da ýokarlandyrmakda bellenilen täze belentliklere ýetjekdigine, demokratik özgertmeler, parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny üstünlikli dowam etjekdigine ynam bildirýärler.

Beýleki bildirişler