Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2022/2023-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär

20 Dekabr 2021

360

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (magistr maksatnamasyna — ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik hem-de 18 ýaşy dolan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr we magistr) maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumatlary kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Beýleki bildirişler