Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylynda bereketli türkmen topragynyň sahawatynyň şanyna ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli eziz Diýarymyzyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna hem-de halkyna iberen çuň manyly, mähirli Gutlagyňyz üçin, oba hojalyk işgärleriniň adyndan Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak, il-ýurt bähbitli, beýik işleriňiziň mydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris. Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegi, merdana halkymyzyň bagtyýar geljegi üçin, Allatagala Sizi öz penasynda aman saklasyn!