Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli gutlaglar

13 Noýabr 2021

74

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Hasyl toýy mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Döwlet hem-de jemgyýetçilik işgärleri gutlaglarynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bu baýramyň türkmen topragynyň sahawatlylygyny we ata-babalarymyzyň gadymy ekerançylyk däplerini mynasyp dowam edýän halkymyzyň zähmetsöýerligini alamatlandyrýandygyny belleýärler. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen oba hojalygynda amala aşyrylýan özgertmeler ýurdumyzyň ýer-suw serişdelerini netijeli we oýlanyşykly ulanmaga, obasenagat toplumyna öňdebaryjy ylmy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmaga, oba hojalygyna hususy haryt öndürijileri giňden çekmäge, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän dürli önümleriň önümçiliginiň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär.

Hatlary we telegrammalary iberenler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy mähirli gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, eziz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan tutumly işlerinde täze üstünlikleri arzuw edýärler.