Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylaryň ýüzlenmesi

12 Noýabr 2021

82

Türkmenistanyň belent mertebeli Prezidenti!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzyň aragatnaşyk pudagynyň gazananlaryna bagyşlanan telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel — 2021» atly XIV halkara onlaýn maslahatyna gatnaşyjylaryň adyndan bu halkara maslahatyň ýurdumyzda ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegi babatda döredip beren ähli mümkinçilikleriňiz üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris. Siziň janyňyzyň sag, ömrüňiziň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriňiziň hemişe rowaç almagyny arzuw edýäris.