«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahata gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýüzlenmesi

29 Oktýabr 2021

74

Çuňňur hormatlanylýan Türkmenistanyň Prezidenti!

«Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2021» atly XXVI halkara maslahatyň açylmagy mynasybetli bize iberen mähirli Gutlagyňyz kalbymyzda buýsanç we şatlyk duýgusyny döretdi. Onuň üçin Size ak ýürekden sagbolsun aýdýarys we Türkmenistanyň röwşen geljeginiň hatyrasyna alyp barýan tutumly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýäris.